K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi

21-nji noýabrda Almaty şäherindäki K.I.Satpaýew adyndaky Gazak milli ylmy-barlag tehniki uniwersitetinde Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasy tarapyndan şanly senä Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan ýörite çäre geçirildi.

Çäräniň maksatnamasynyň çäklerinde Almaty şäherinde okaýan türkmen talyplary bilen duşuşyk guraldy. Oňa gatnaşyjylara 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň netijeleri boýunça giňişleýin maglumat berildi.

Çärede çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň ýoluny dowam edýän Türkmenistanyň hormatly Prezidentiniň baştutanlygynda halkara giňişlikde giň goldawa eýe bolýan daşary syýasat strategiýasynyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýandygy bellenildi.Bu özboluşly doktrina parahatçylykly ýaşamak, sebitde howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek üçin binýat bolup, 30 ýylyň dowamynda ýurdumyza ygtybarly hyzmatdaş we dünýä prosesleriniň işjeň agzasy hökmünde çykyş etmäge mümkinçilik berýän netijeli gurala öwrüldi.

Şeýle hem gatnaşyjylara 2025-nji ýylda geçirilýän möhüm çäreleriň toplumy hem-de şu ýylyň dekabr aýynda geçiriljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak forumy barada maglumat berildi.

Myhmanlara Türkmenistanyň soňky ýyllarda gazanan durmuş-ykdysady we medeni ugurlarynda gazanan üstünliklerini şöhlelendirýän wideoşekiller görkezildi.

Çärede talyplaryň döredijilik çykyşlaryna aýratyn orun berildi. Olar milli aýdymlary ýerine ýetirdiler, goşgulary çeper okadylar hem-de milli tanslary, şol sanda küştdepdi tansyny ýerine ýetirdiler.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň Gazagystandaky Ilçihanasynyň wekili uniwersitetiň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirip, türkmen talyplarynyň okuwy bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdy.

Ýene degişli makalalar

Gazak milli agrar ylmy-barlag uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi
Türkmenistanyň ilçihanasy Almatyda bilim alýan türkmen talyplar bilen duşuşyklary geçirdi
Gazak milli mugallymçylyk uniwersitetinde Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy bellenildi
Maýa goýumlary we hyzmatdaşlyk: Gazagystan türkmen telekeçilerini iş saparyna çagyrýar
Türkmen çeper filmleri Ýewraziýa halkara film festiwalynda görkeziler