KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!

KADALARY BERK BERJAÝ EDIŇ!

◊ Agyz-burun örtüklerini talabalaýyk dakynyň!Bir gezeklik lukmançylyk agyz-burun örtüklerini ikinji gezek ulanmaň! Örtük dakynylanda, dem alyş ýollary arkaly kesel geçmeginden goranmak maksadynda, onuň bilen agzyňyzy we burnuňyzy ykjam ýapyň! ◊ Witaminlere baý gök-bakja önümlerini köpräk iýiň!

Olar bedeniň immunitetini ýokarlandyrmakda juda ähmiýetlidir. ◊ Öýüňizde we iş ýeriňizde arassaçylyk düzgünlerini berk berjaý edip, ýygy-ýygydan tämizleýiş işlerini geçirip duruň! ◊ Gap-gaçlary ulanmazdan öň hem, ulanyp bolandan soň hem, tämizleýji serişdeler bilen gyzgyn suwda gowy edip ýuwuň! ◊ Çygly süpürgiçlerden peýdalanyň!

Olar bilen ulanýan şahsy zatlaryňyzy (telefonyňyzy, açaryňyzy, goşar sagadyňyzy...) ýygy-ýygydan tämizläp duruň! ◊ Taýsyz tebigy melhemleriň biri hasaplanylýan sarymsagy her gün diýen ýaly iýiň!Sarymsak we ajy burç goşulan milli tagamymyz bolan unaşy hem her hepdede iýiň! ◊ Eliňizi hemişe arassa saklaň, ýygy-ýygydan sabynlap ýuwuň!

Ýene degişli makalalar

KADALARY BERK BERJAÝ EDELIŇ!
Iň gowy öý gurujylar
Çereşnýa sapagynyň peýdalary
Türkmenistanda 28-nji awgustda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
Gurakçylyk dünýäde mindalyň ýetmezçiligine getirip biler
21-nji awgustda türkmenistanlylara nähili howa garaşýar?