'Kadr ýetmezliginden kösenýän' Berdimuhamedow 'kemçilik goýberýän' ýolbaşçylara 'çydamlylygyny' dowam etdirýär

'Kadr ýetmezliginden kösenýän' Berdimuhamedow 'kemçilik goýberýän' ýolbaşçylara 'çydamlylygyny' dowam etdirýär

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow 13-nji iýunda Döwlet gümrük gullugynyň başlygy Atadurdy Osmanowyň harby çinini peseltdi we oňa berk käýinç yglan etdi.Bu Osmanowyň harby çininiň dört ýyl içinde ikinji gezek peseldilişi, dördünji gezek berk käýinç alşy bolýar.

TDH-nyň maglumatyna görä, Osmanowyň harby ady general-maýor çininden polkownik derejesine çenli peseldildi.Neşir onuň “gulluk borçlaryny talabalaýyk berjaý etmändigini we işde kemçilik goýberendigini” habar berýär we, adatça bolşy ýaly, başga hiç bir detaly açmaýar.

Osmanowa general-maýor çini 27-nji ýanwarda, Watan goragçysynyň güni mynasybetli berlipdi.Emma ol 2018-nji ýylda prezidentden iki gezek berk käýinç aldy. Ýerli synçylaryň bellemegine görä, Atadurdy Osmanow Türkmenistanyň güýç gurluşlaryndaky ýolbaşçylaryň arasynda içeri işler ministri Isgender Mulikowdan soň iň kän käýinç alýan resmi bolup durýar.

Osmanow häzirki wezipesine gelmezinden öň, 2012-nji ýylyň 1-nji awgustynda hem jogapkärli wezipä - Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gullugynyň başlyklygyna bellendi.Bu gulluk şondan öň Neşe maddalaryna garşy göreş gullugy diýlip atlandyrylýardy.

Bu gullugyň öňki prezident Saparmyrat Nyýazow döwründe giň ýaýran neşe gaçakçylygyna we bikanun neşe söwdasyna garşy alyp baran göreşiniň netijeli bolandygy aýdylýar. Şol bir wagtda, bu A.Osmanowyň harby çininiň ilkinji gezek peseldilişi däl.

Döwlet baştutany oňa 2016-njy ýylyň 4-nji ýanwarynda hem berk käýinç berdi we harby derejesini peseltdi. Şonda ol polkownik çininden podpolkwnik çinine çenli pese düşürildi we “kemçiliklerini düzetmese”, wezipesinden boşadyljakdygy barada duýduryş aldy.

Türkmen mediasynyň anyklaşdyrmaýan kemçilikleri, ýerli synçylaryň sözlerine görä, gümrük gullugyndaky korrupsiýa faktlary bilen bagly.Mysal üçin, maý aýynda “Türkmenhowaýollarynyň” Gazagystanyň Almaty şäherine gatnaýan ýolagçy uçarlary bilen baglylykda, ýükleriň nädogry resmileşdirilmegi esasynda, korrupsiýa ýol berilýändigi mälim boldy, emma türkmen häkimiýetleri bu mesele boýunça haýsydyr bir çäre görlendigini bildirmediler.

Türkmenistanda yzly-yzyna berk käýinç alýan ýolbaşçylaryň goýberen kemçilikleriniň, şol sanda korrupsiýa faktlarynyň ýaşyrylmagynyň sebäbini synçylar prezident Berdimuhamedowyň ynanýan kadrlarynyň juda azalmagy bilen düşündirýärler.Hukuk goraýjy Farid Tuhbatulliniň pikirine görä, A.Osmanow öňki wezipesinde hem kemçilik goýberip, çini peseldilen, täze wezipesinde hem şeýle ýagdaýy gaýtalaýan resmi, beýle ýagdaýy I.Mulikowyň mysalynda hem görse bolýar.

Emma Berdimuhamedow her ýarym ýyldan ýa bir ýyldan ministrlerini täzelän we ýene kadr tapan S.Nyýazowdan tapawutlylykda, kadr ýetmezçiliginden kösenýär we şol bir adamlary ondan-oňa geçirmek bilen mydar etmäge çalyşýar diýip, Tuhbatullin pikir edýär. “Meniň pikirimçe, prezidentiň töweregindäki kadrlar krugy örän çäkli, onuň ulanmak üçin ynanyp boljak hasaplaýan adamlary tas galmady diýen ýaly” diýip, ol aýtdy. “Men Türkmenistanda professional kadrlaryň bardygyna, kändigine ynanýaryn, emma prezident öz ynanýan adamlaryndan ugur alýar we öz kadrlaryny täzeläp bilmeýär” diýip, hukuk goraýjy pikir edýär.

Tuhbatulliniň pikirçe, bu ýagdaý - şol bir käýinç we berk käýinç, soňky duýduryş alýan ýolbaşçylaryň jogapkärli wezipelerde uzak ýyllap oturmagy, üstesine olaryň “işde goýberýän kemçilikleriniň” döwlet baştutany tarapyndan bassyr-ýussur edilmegi ýurtda korrupsiýanyň garşysyna alnyp barylýan göreşe peýda getirmeýär. “Şol bir adamlar häkimiýetde oturan wagtynda korrupsiýa garşy göreşip bolmaýar, sebäbi korrupsiýa türkmen sistemasynda ýokardan aşak gaýdýar” diýip, hukuk goraýjy aýtdy.

F.Tuhbatullin "Azatlyk" bilen eden telefon söhbetdeşliginde Türkmenistanda korrupsiýa garşy göreşiň wagtal-wagtal o diýen uly wezipesi bolmadyk adamlaryň tutulandygy, olaryň emläkleriniň konfiskasiýa edilendigi baradaky gysgajyk resmi maglumatlardan aňryk geçmeýändigini aýtdy.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz.Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda daşary ýurt estrada ýyldyzlarynyň gatnaşmaklarynda Täze ýyl konserti bolar; 2024-nji ýylyň başynda Aşgabatda Hökümetara türkmen-rus toparynyň mejlisi geçiriler we beýleki habarlar
Türkmen artistleri Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda çykyş etdiler
Ildeşlerimiz Aýtmatow we teatr atly VI halkara teatr festiwalynda ýörite baýraklara mynasyp boldular
07.08.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
03.07.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi
05.06.2019 | Türkmenistanyň Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisi