Balkan sebitinde býujet edaralarynyň işgärleriniň aýlyklary gijikdirilýär, döwlet harmanyna pagta hasylyny tabşyran fermerleriň, kärendeçi daýhanlaryň banklardaky kart hasaplaryna pagtada düşýän girdejiler geçirilip başlandy diýip, Azatlygyň ýerli habarçysy habar berýär.
Şu ýyl 10 gektar ýerde gowaça ekip, döwlet öňündäki borçnamalary esasynda, her gektardan 18 sentner ak pagta tabşyran daýhanlara hasaplaşyk geçilýär, olaryň pullary kartlaryna düşüp başlady diýip, habarçymyz bilen söhbetdeş bolan daýhan aýtdy.
Türkmen hökümetiniň geçirýän mejlislerinde wagtal-wagtal hasyl tabşyran daýhanlar bilen geçirilmeli hasaplaşyklaryň wagtynda, gijikdirilmän geçirilmegi tabşyrylýar. Ýöne synçylar döwlet baştutanynyň berýän tabşyryklarynyň, hususan-da önüm öndürijileriň alýan girdejilerini artdyrmak, durmuş şertlerini gowulandyrmak barada edilýän gürrüňleriň indi otuz ýyldan gowrak wagt bäri gowy netije’ bermeýändigini aýdýarlar.
Daýhanlaryň girdejileri az, tutumlar kän“Tutumlar köp, emma 10 gektar ýeriň her gektaryndan 18 sentner pagta tabşyryp, 55 müň manat dahod, ýagny girdeji aldym. Ýöne gowaçanyň ýekeleme, 3 sapar otag, suw tutmak, ujuny çürtmek işlerine, mal dersi ýaly zatlara goşmaça, öz hasabymyzdan eden harajatlarymyzy hasaplasak, elimize 20 müň manat çemesi girdeji galýar” diýip, anonimlik şertinde söhbetdeş bolan kärendeçi aýtdy.
Ol 10 gektar ýere ekilen gowaça, 2 gektar ýerden paýlaşyp, 5 hojalyk bolup ideg edendiklerini, şu sebäpden, özlerine galýan 20 müň manat çemesi girdejini paýlaşmaly bolýandyklaryny hem sözüne goşdy.
“Gowaça ekip, döwlete pagta tabşyran daýhanyň biri iki bolmaýar. Bu zatlar-da hiç diýeli. Aslynda plastik kartlarymyza pul geçen hepdäniň 6-njy gününde geçdi. Emma pul nagtlaşdyrmaga baryp, ýekeje bankomatda hem pul tapamyzok” diýip, bereketli daýhan, özüni Öwezgeldi diýip tanadan ýaşuly aýtdy.
Onuň tassyklamagyna görä, nagt däl hasaplaşyk geçirýän söwda terminallary hem işlemeýär.
Aýry-aýrylykda gürleşilen adamlar pagta tabşyryp, uly kynçylyk bilen gazanan ujypsyzja pullaryny nagtlaşdyrmak üçin, oba, etrap ýerlerinden welaýat merkezine çenli syýahat etmegiň adaty zada öwrülendigini gürrüň berdiler.
Bankomatlarda pul tapmadyk daýhanlaryň biri sebitiň bank resmilerine ýüz tutup, kömek sorandygyny, bir resminiň ýagdaýy düşündirip, özüni köşeşdirmäge synanyşandygyny aýdy.
Daýhanlar üçin býujet işgärleriniň aýlyklary 'saklanýar'“Pagtaçy daýhanlar pullaryny alsynlar diýip, býujet edaralarynyň işgärlerine aýlyklaryny geçirmän, olary garaşdyrýarys. Nagt pul hem bolar ýakynda. Prokurorlar gowaça ekip, bergili çykan daýhanlardan pul, töleg almak işlerini geçirýärler häzir. Gazna pul goýmasak, bankomatlara nireden pul goýaly? Bitaraplyk baýramyndan öň, nesip bolsa, pullaryňyzy nagtlaşdyrarsyňyz” diýip, bank resmisi aýdypdyr.
Söhbetdeşimiz, özüni diňlän bank resmisiniň ýagdaýyny kynlaşdyrmazlyk üçin, onuň işleýän ýerini aýtmajakdygyny hem sözüne goşdy.
Bank resmisiniň sözlerine görä, şu ýyl gowaça eken daýhanlar geçen ýyla garanyňda köpräk pul alýarlar. Emma Azatlyk bu aýdylýany, açyk-aýdyň statistika maglumatlary bolmansoň, ýurtda dowam edýän agyr maglumat ýapyklygy sebäpli, garaşsyz ýagdaýda tassykladyp ýa inkär etdirip bilmeýär.
Birnäçe kärendeçiniň tassyklamagyna görä, bank resmileri daýhanlar bilen ikiçäk gürleşenlerinde nagt ýetmezçiligi meselesiniň hemişe bardygyny, ýurtdaky maliýe, pul kynçylyklarynyň saklanyp galýandygyny tassyklap, şikaýat edip barýanlara ýagdaýa dogry düşüniň, sabyrly boluň’ diýip jogap berýärler.
Azatlyk bilen anonimlik şertinde gürleşen daýhanlaryň biri “Soňky ýyllarda pul nagtlaşdyrmak pagta ösdürip ýetişdireniňden hem beter kyn bolup barýar” diýip güldi.
Şu aralykda, çeşmeleriň sözlerine görä, oba hojalygynda, ekin meýdanlarynda işleýän adamlaryň dowamly azalmagy netijesinde, hökümet gowy hasyl alan daýhanlara künjara, pagta çigidiniň ýagy ýaly zatlary bermek wadalaryny ýene agzap başlady.
Wada berlen özgertmeleriň 'bermedik' netijeleriTürkmenistanda wada berlen oba hojalyk özgertmeleri, synçylaryň we ýerli hünärmenleriň köpüsiniň tassyklamagyna görä, häkimleriň we oba hojalygyna gözegçilik edýän wise-premýerleriň yzygiderli täzelenmegine, hatda prezidentleriň hem üýtgemegine garamazdan, netijesiz bolmagynda galýar.
Emma türkmen hökümeti we metbugaty, başga ugurlarda bolşy ýaly, oba hojalygynda dörän çylşyrymly ýagdaýy boýun almaýar we ýylda uly ösüş sanlaryny çap etmegi dowam etdirýär.
Resmi maglumata görä, pagta Türkmenistanyň eksportynyň agramly bölegini eýelemek bilen, sazlaşykly ösýän dokma senagatynyň kärhanalary üçin çig mal bolup durýar.
Sebitde güýçlenýän suw aladalary bu çig malyň geljegini sorag astyna alýar diýip, synçylar aýdýar.
Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.
Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.