Kaka dokma toplumy Jeýtun haryt nyşanly önümlerini köpeldýär

Kaka dokma toplumy Jeýtun haryt nyşanly önümlerini köpeldýär

2021-nji ýylyň tomsunda ulanylşa berlen Kaka dokma toplumy hili boýunça daşary ýurt önüminden pes bolmadyk önüm öndürmek bilen, bu pudakda eýelän ornuny berk elde saklaýar. Önümleriň esasyny Jeýtun haryt nyşany bilen öndürilýän erkek lybaslary düzýär.

Bu jalbarlary, köýnekleri, şeýle hem ýeňil penjekleri öz içine alýan bir laý egin-eşikdir.Jalbarlaryň görnüşleri nusgawy hem-de ýan jübüli iş jalbarlaryny öz içine alýar. Üstki geýimde, ýagny syrmaly ýaz-güýz möwsümleýin penjeklerinde, salykatly reňkler, hususan-da gök we çal öwüşginler agdyklyk edýär.

Köýnek biçüwlerine aýratyn üns berilýär.Toplumlar dürli reňklerde özboluşly biçilen jübüli we jübüsiz görnüşlerini özünde jemleýär.Jeýtun haryt nyşanly önümleriniň aýratynlygy button-down ýakaly köýneklerdir. Ýakanyň burçlaryndaky ilikli gurluş önümiň uzynly günüň dowamynda päkize görünmegini üpjün edýär. Şunuň ýaly köýnekler gündelik geýimlere ajaýyp gabat gelýär, bleýzer ýa jins bilen gowy utgaşýar we adatça galstuksyz geýilýär. Önümleriň üstünde içerki bazaryň derňewi we möwsümiň talaby esasynda iş alnyp barylýar.

Jeýtun haryt nyşanly önümlerine bolan durnukly isleg onuň ekologiýa taýdan arassalygy we ýurdumyzda önýän tebigy çig malyň ulanylmagy bilen düşündirilýär.Dokma toplumynyň düzümine dört sany egirme, dokma, boýag-bezeg we tikin önümçilik bölümleri girýär.

Tehniki bölümi Şweýsariýa, Ýaponiýa, Belgiýa, Italiýa we Germaniýa ýaly ýurtlaryň dünýä öndürijileriniň öňdebaryjy enjamlary bilen üpjün edilen. Önümiň hiline toplumyň öz barlaghanasynda gözegçilik edilýär.Ol ýerde pagta süýüminiň häsiýetleri barlanýar.

Dokma we boýama bölümleri kretony, ranforsy we gabardini goşmak bilen, dürli mata önümçiligini üpjün edýär.Jeýtun haryt nyşanly önümleri Dokma onlaýn söwda dükanynda, S.Türkmenbaşy köçesi bilen Azady köçesiniň çatrygyndaky Altyn asyr söwda merkezinde satylýar, şeýle hem dellal ammarlaryndan üpjün edilýär.

Bölek satuw ulgamynyň ösdürilmegi bilen birlikde, toplum daşarky bazarlarda ýüplük, mata we taýyn geýim satmak arkaly eksport şertnamalaryny-da üstünlikli ýerine ýetirýär.Bu bolsa türkmen dokmasynyň ýokary bäsdeşligini tassyklaýar.

Ýene degişli makalalar

Kürte milli mirasymyz
HORMATLY PREZIDENTIMIZ SERDAR BERDIMUHAMEDOW “EKSPO — 2025” SERGISINDE TÜRKMENISTANYŇ MILLI GÜNI MYNASYBETLI DABARALY ÇÄRELERE GATNAŞDY
Milli ykdysadyýetiň möhüm pudagy
Dokma onlaýn söwda meýdançasy önümleriň giň görnüşlerine elýeterliligi artdyrýar
Türkmenistanyň dokma kärhanalary “Dokma” söwda meýdançasy arkaly onlaýn söwdasyny ösdürýärler
DOKMA ONLAÝN SÖWDA MEÝDANÇASY ÖNÜMLERIŇ GIŇ GÖRNÜŞLERINE ELÝETERLILIGI ARTDYRÝAR