Kaka etrabynyň sahna ussatlary täze spektakllary sahnalaşdyrýarlar

Kaka etrabynyň sahna ussatlary täze spektakllary sahnalaşdyrýarlar

Kaka etrabynyň medeniýet bölüminiň teatr studiýasynyň agzybir döredijilik topary mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli ildeşlerimize toý sowgady boljak täze eserleri taýýarlaýarlar ― diýip, Türkmenistan gazeti habar berdi.

Şu günler teatryň sahnasynda Aşyr Mämiliýewiň Duralgada duran, Berdi Bäşimowyň Kime jaý gerek, kime taý atly eserleri esasynda sahna oýunlarynyň üstünde işlenilýär. Aýmämmet Işangulyýewiň Jadyly söz atly gurjak oýny hem körpe tomaşaçylara özboluşly sowgat bolar.

Täze sahna eserleriniň şowly çykmagy üçin teatryň artistleri özleriniň zehin-yhlasyny gaýgyrmaýarlar. Mundan başga-da, edebi-sazly çykyşlaryň, gysgajyk degişme sahnalaryň taýýarlyk işleri alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi atly kitabyndan rowaýatlaryň birnäçesiniň sahnalaşdyrylandygyny hem bellemek gerek.

Ýene degişli makalalar

Ýewropanyň iň uly elektrobeketli awtoduralgasy
Kerkidäki howa menziliniň gurluşygy tamamlaýjy tapgyrda barýar
"Bu gün hiç haçan gelmez diýip gorkýardym". Gazaklary Türkmenistandan göçürmek hem ýerleşdirmek
Türkmenistanda täze halkara howa menzili açyldy
Çam San Parkelam satyş merkezi müşderilerine täze önümlerini hödürleýär
Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňýany Aşgabatda it-pişikler tutulýar, olary halas etmegiň tölegi gymmatlaýar