Kalplara nur, ömre ylham Pyragy

Kalplara nur, ömre ylham Pyragy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Nury Baýramow adyndaky kitaphana şahamçasynyň guramagynda Kalplara nur, ömre ylham Pyragy ady bilen gürrüňdeşlik geçirildi.

Gürrüňdeşlikde çykyş edenler türkmen halkynyň akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasynyň gymmaty egsilmejek, baky şuglaly hazyna bolup, bu gymmatly hazynany ylmy esasda öwrenmek, ýurdumyzyň raýatlaryna, ýaş nesillere öwretmek, biz kitaphanaçylaryň borjy bolup durýandygy barada gürrüň berdiler. Şeýle-de akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň umman ýaly döredijiliginiň her bir setirinde Watanyna bolan söýgüsini kalbynyň çuňlugyndan syzylyp, ony ganatlandyryp, merdana türkmen halkymyzyň kalbynda müdümilik ýaňlanyp duran owazly, labyzly goşgulary döredendigi barada belläp geçdiler.

Gürrüňdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri aýdyldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Türkmenistanyň Döwlet Baýdagynyň güni mynasybetli Ýaşyl tugum al-asmanda pasyrda! atly sergisi
Köňülleriň çyragy
Magtymguly Pyragy döwürleriň çyragy
Türkmen medeniýeti — dünýä medeniýetiniň aýrylmaz bölegi
Magtymguly Pyragynyň döredijiligi, sönmez şamçyrag
Magtymguly Pyragy köňülleriň çyragy
Goşa mukaddesligiň baýramy