Kalyn Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO ýüz tutmasy we Türkiýäniň aladalary barada beýanat berdi

Kalyn Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO ýüz tutmasy we Türkiýäniň aladalary barada beýanat berdi

Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalyn we Daşary işler ministriniň orunbasary Sedat Önal, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agza bolmak üçin bildiren ýüz tutmasyny maslahatlaşmak maksady bilen, Belgiýanyň paýtagty Brýusseldäki NATO ştabynda duşuşyklar geçirdiler.

Ol ýerde metbugat ýygnagyny geçiren Ibrahim Kalyn, agzalyk ýüz tutmasy bilen baglanşykly gepleşikleriň dowam etjekdigini, 29-30-njy iýun aralygynda Ispaniýanyň paýtagty Madrid şäherinde geçiriljek sammitiň hem soňky sene bolmandygyny mälim etdi.

Kalyn NATO-nyň bir howpsuzlyk alýansydygy baradaky hakykaty, alýansa agza bolmak isleýän ýurtlaryň NATO-nyň düzgünlerini doly berjaý etmäge we agza ýurtlaryň aladalaryny ortadan aýyrmak jogapkärçilikleriniň bardygyny söhbetdeşlerine ýetirendiklerini aýan etdi.

Kalyn mundan soňky tapgyrda kesgitleýji faktoryň ady agzalan iki ýurdyň ýerine ýetirjek anyk ädimleriniň boljakdygyny beýan etdi.

Kalyn: "PKK-nyň Ýewropanyň merkezinde şol ýurtlary zamun alan ýaly hereket etmegi kabul edilmesizdir" diýip belläp, şol mesele bilen ýakyndan gyzyklanjakdyklaryny habar berdi.

NATO tarapyndan berilen ýazmaça beýanatda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň çakylygyna laýyklykda Türkiýeden, Finlýandiýadan we Şwesiýadan ýokary derejeli resmileriň Brýusseldäki ştabda gepleşikler geçirendikleri mälim edildi.

Beýanatda Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalyk tapgyrynda öňe gidişlik etmek maksady bilen Türkiýäniň gün tertibe getiren howpsuzlyk aladalarynyň ele alynan gepleşikler bilen baglanşykly Ýens Stoltenberg: "Türkiýäniň terrorizm meselesinde ele almagymyz gerek bolan kanuny howpsuzlyk aladalary bar. Şol sebäpli Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygy bilen bagly ýüz tutmalary babatyndaky gepleşiklerimizi dowam etdireris we mümkin boljak iň gysga wagtda bir ýol tapmaga sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn" diýip nygtapdy.

Beýanatda gepleşikleriň öňümizdäki günlerde dowam etjekdigi habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Stoltenberg Ukraina Berilýän Goldawyň Artdyrylmagyny Isledi
Stoltenberg: "Ukraina NATO-nyň düzümine girer, ol diňe wagt meselesi" diýdi
Wengriýa, Şwesiýanyň NATO Agzalygyny Tassyklady
Şwesiýa NATO Agza Boldy
Aliýew Ermenistan Bilen Barlyşyga Iňňän Ýakyndyklaryny Aýtdy
Peskow NATO-nyň baş sekretary Stoltenbergiň Günorta Kawkaza guran sapary barada beýanat berdi
Ukraina Bir Million Dron Ugradylar