Kamalwandi: Ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýurduň zerurlygynyň özenidir

Kamalwandi: Ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygy ýurduň zerurlygynyň özenidir

Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary: ýadro elektrik stansiýasynyň gurluşygynyň ýurduň zerurlygydygyny aýtdy.

20-nji Farwardinde ýadro tehnologiýasynyň ýyl dönüminde senagat, lazer, gözegçilik we şekillendiriş ulgamlary, radioderman we plazma pudagynda dokuz sany üstünlik tomaşa goýuldy.

Ýaş habarçylar klubynyň habaryna görä, Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň metbugat sekretary "Behrouz Kamalwandi": Ýewropa ýurtlary ýadro elektrik stansiýalaryny gurmakdan gutulyp bolmajak derejä ýetendigini aýtdy.

Kamalwandi, sözüniň dowamynda: Dürli rak keselini bejermekde ulanylýan ýodly 131 kapsulanyň önümçilik liniýasyny döretmek, Sterilizasiýa üçin ýadro şöhlelerini ulanmak, Tohumlaryň gowulaşmagy we suwsuzlyga garşy çydamly tohumy öndermek, Lukmançylyk taýdan ary zäherini gaýtadan işlemek üçin gamma şöhlesini ulanmak şeýle hem agyr suw bilen baglanyşykly önümleriň ösüşi bu ugurda gazanylan üstünliklerdendir diýip nygtady.

Kamalwandi, şeýle hem kanuny borçlaryny ýerine ýetirmek üçin 10 000 megawat ýadro energiýasy öndürmek meýilnamasynyň çygyrynda we Eýranyň Atom Energiýasy Guramasynyň gün tertibinde durýan Darkowin şäherinde 360 megawattlyk Eýran elektrik stansiýasynyň gurluşygyny agzady.

Ýurduň ikinji uly ýadro desgasy bolan Darkowin ýadro desgasy agyr suw reaktory bolup, Huzestan welaýatynyň Darkowin şäherinde gurlar.

Ýene degişli makalalar

Ukraina Meselesi Şweýsariýada Geçiriljek Maslahatda Ara Alnyp Maslahatlaşylar
Kamala Harris: ýeňiş gazanmagy niýet edýärin
Jozef Baýden dalaşgärlikden çekildi
Jo Baýden Prezident Dalaşgärliginden çekildi
“Prezidentiň Goldawyny Alandygym Üçin Buýsanýaryn”
22-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Diňle: Türkmen intelligensiýasy Baýdeniň bäsleşikden çekilmegini ara alyp maslahatlaşýar, sapak çykarýar