KAMAZ-master Ýüpek ýoly rallisniň çempiony boldy

KAMAZ-master Ýüpek ýoly rallisniň çempiony boldy

Russiýanyň Dmitriý Sotnikowyň ýolbaşçylygyndaky KAMAZ-master topary Ýüpek ýolly ralli-reýdiniň 2024-nji ýyldaky çempiony boldy. Bu barada TASS ýazýar.

Ýaryş 15-nji iýul güni Ulan-Bator şäherinde tamamlandy. Onuň jemleýji ― 11-nji tapgyry 323,51 kilometr aralykdan ybarat boldy. Şeýlelikde, ähli tapgyrlaryň jemi boýunça Dmitriý Sotnikow birinji orny eýeledi. Ýaryşda ikinji orna onuň topardaşy Eduard Nikolaýew, üçünji orna bolsa MAZ toparyndan Sergeý Wýazowiç mynasyp boldy.

Sotnikow bu ýaryşda 2013, 2017, 2021 we 2022-nji ýyllarda hem çempion bolupdy.

Ýüpek ýoly ralliis 2009-njy ýyldan bäri geçirilip gelinýär. 11 tapgyrdan ybarat bolan ýaryşa şu ýyl 5-nji iýulda badalga berildi. Gatnaşyjylar 5 müň kilometrden gowrak ýoly geçdiler.

Ýene degişli makalalar

15-nji iýulda Türkmenistanyň esasy habarlarynyň daýjesti
Gurluşyk materiallary gurluşyk meýdançalaryna
Eýran: Türkmen gazyna zerurlyk bolmaz
02.03.2018 | Türkmen-eýran işewürler maslahaty iki ýurduň ýangyç-energetika hyzmatdaşlygyny diwersifikasiýalaşdyrmaga gyzyklanma biledirýändigini tassyklady
Türkmenistanyň we Eýranyň işewürler toparlary bähbitleri birleşdirmegiň ugurlaryny kesgitlediler
Eýranda türkmenleriň köpçülikleýin ýaşaýan welaýatlaryna sil geldi