Kann kinofestiwalynyň netijeleri yglan edildi

Kann kinofestiwalynyň netijeleri yglan edildi

Belgiýanyň "Ýakyn" (Close) filmi we Amerikanyň "Ýyldyzlar günorta çagy" (The Stars at Noon) filmleri 75-nji Kann kinofestiwalynda Gran-pri baýragyny paýlaşdylar. Filmleriň režissýorlary Lukas Dont bilen Kler Deni sylaglara mynasyp boldular.

Belgiýaly režissýorlar doganlar Dardennleriň "Tori we Lokita" (Tori et Lokita) filmi kinofestiwalyň abraýly baýragyny gazandy.Baýrak kino dünýäsindäki meşhur festiwalyň 75-ýyllygyna bagyşlanyp ýörite goýuldy.Bäsleşik ilkinji gezek 1946-njy ýylda Lazur kenarynda geçirilipdi. "Sekiz dag" (Le otto montagne) atly italýan filmi we "Ia" (EO) atly polýak filmi 75-nji Kann kinofestiwalynda emin agzalarynyň ýörite baýragyny paýlaşdylar.

Filmiň režissýorlary Şarlotta Wandermerş bilen Ýeži Skolimowskiý baýraga mynasyp boldular. "Gussanyň üçburçlygy" filmi Kann festiwalynyň "Altyn palma şahasyny" aldy.

Iň gowy ssenariý Iň gowy ssenariý üçin baýrak şwesiýaly Tarik Salehe berildi. Saleh öz döreden "Gökden inen ýigit" (Boy from Heaven) filmine ssenariý ýazdy.

Iň gowy erkek keşbi Iň gowy erkek keşbi üçin baýraga günorta koreýaly aktýor Son Kan-ho mynasyp boldy. Son Kan-ho režissýor Hirokadzu Koreedanyň "Araçy" (Broker) atly günorta koreýa filminde baş keşbi ýerine ýetirdi.

Iň gowy zenan keşbi Eýranly aktrisa Zahra Amir Ebrahimi 75-nji Kann festiwalynda iň gowy zenan keşbi üçin baýraga mynasyp boldy. Ebrahimi eýranly režissýor Ali Abbasiniň "Mukaddes möý" filminde baş keşbi ýerine ýetirdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda daşary ýurda gitmek isleýänler hilegärleriň duzagyna düşýär
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Mewlüt Çawuşogly: "Araçylyk teklip eder ýaly sen kim"
Ibrahim Kalyn Emmanuel Makrona jogap berdi
Ibrahim Kalyn: "Araçylyk ýaly gelşiksiz çemeleşmeleri ret edýäris" diýdi
Türkmenistanlylar iş gözläp, köpçülikleýin Azerbaýjana gidýärler