Kanun gorajaklar kanuny bozsa. Okyjylaryň döredijiligi

Nirede dogulsam, niçik don geýsem,Deň hasaba alynmajak türkmen men.Watanyma seýran eýläyin diýsem,Paytagtyma salynmajak türkmen men.

Kanun gorajaklar kanuny bozsa,Halky gorajaklar milleti ezse,Şikaýat ederçe ganymyz gyzsa,Sözi alga alynmajak türkmen men.

Elimden alsalar gazananymy,Gadagan etseler bezenenimi,Hasaplap berseler aljak demimi,Hiç hili geň görülmejek türkmen men.

Lukmandan sorasam derdime derman,Elin serdi entek yüzumi görmän,Eden emi ýene netije bermän,Dogry şypa berilmejek türkmen men.

Namysyň ýukalsa galňayar jübiň,Kezzap akyl berýär bir dana kimin,Binamyslar bolup durmuşa emin,Ýagşy yigit öwülmejek türkmen men.

Paýhasly adamlar ele pil alan,Bir topar goýuna berilip galam,Çagalaň gulagyna guýulyp ýalan,Indi döwran dolanmajak türkmen men.

Ýurduň içki organlary keselli,Bu keselden ýagdaýlarmyz peseldi.Bejergi tapylmaz, etme teselli,Ýaralary saralmajak türkmen men.

Ýene degişli makalalar

Aşgabat: Dollar konwertasiýasy çäklendirilýär, ýene-de
Daşary ykdysady iş banky nagt däl hasaplaşyklary togtatdy
27.03.2018 | Türkmen-eýran işewürler maslahaty