Karaismailogly Gruziýada geçirilen ministrleriň Üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşdy

Karaismailogly Gruziýada geçirilen ministrleriň Üçtaraplaýyn maslahatyna gatnaşdy

Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Türkiye, Gruziýa we Azerbaýjan hökmünde transport mümkinçilikleriniň has hem özgerdilmegi üçin iş alyp barmagy dowam etdirýändiklerini habar berdi.

Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly, Gruziýanyň paýtagty Tbilisi şäherinde geçirilen Türkiye-Azerbaýjan-Gruziýa Üçtaraplaýyn ministrleriň maslahatyna gatnaşdy.

Metbugat işgärlerine ýapyk häsýetde geçen we takmynan 1 sagat dowam eden Üçtaraplaýyn maslahatdan soň Adil Karaismailogly Gruziýa guran saparynyň netijeleri barada beýannama berdi.

Türkiýäniň, Gruziýanyň we Azerbaýjanyň dostlukly we doganlyk ýurtlardygyna ünsleri çeken Adil Karaismailogly, ýurtlaryň arasyndaky transport koridorlarynyň has hem özgerdilmegi üçin gepleşikleri dowam etdirýändiklerini mälim etdi.

Adil Karaismailogly: "Şol gepleşikleriň netijesinde ýurtlarymyz bähbitli çykar we şol transport koridorlary nähili derejede berk bolsa, aramyzdaky hyzmatdaşlygymyz hem sosial-durmuş hem-de ykdysady taýdan özgerer" diýip beýan etdi.

Türkiye-Azerbaýjan-Gruziýa arasyndaky transport ugrunda bar bolan hyzmatdaşlygyň üstünde durup geçip, orta koridoryň ähmiýetini belläp geçen Adil Karaismailogly, Baku-Tbilisi-Kars demir ýolunyň we Türkiyede Marmaraý taslamasynyň durmuşa geçirilendigini ýatlatdy.

Türkiýäniň Transport we infrastruktura ministri Adil Karaismailogly: "Indi Hytaýdan Londona çenli arakesmesiz otly saparlarymyz işlemäge başlady. Mundan soň şol potensialyň has hem özgerdilmegi üçin nämeleriň edip boljakdygyny maslahatlaşýarys" diýip aýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogan sapar bilen Türkmenistana geldi
Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Geçen Ýyl Kruiz Gämileri Bilen 1 Million Syýahatçy Geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny