Karib deňziniň garakçylary filminiň surata düşürilen adasy satuwa çykaryldy

Karib deňziniň garakçylary filminiň surata düşürilen adasy satuwa çykaryldy

Bagam adalaryndaky Roýal kazinosy we Karib deňziniň garakçylary filmleriniň surata alnan ýeri bolan ada 100 million dollar nyrh bilen satuwa çykaryldy. Littl-Paýl-Keý adasyny kärendesine hem alyp bolýar. Bir gijelik kärendesine almak üçin 75-95 müň dollar tölemeli. Ada Florida ştatyndan uçarda gelip bolýar.

Adanyň çäginde birnäçe bina bar. Olaryň biri baş bina, şeýle-de dört sany kottej jaýlardyr. 12 ýatalgaly we 11 suwa düşülýän otagly ýaşaýyş öýüniň umumy meýdany 2 müň inedördül metr. Mundan başga-da bu ýerde uly howuz, iki sany gaýyk duralgasy, spa-zolak we dikuçar meýdançasy ýerleşýär diýip, New York Post gazetine salgylanýan MIR 24 ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Meşhur filmiň surata düşürilen adasy satylýar
On ýaşly oglanjyk ejesiniň awtoulagyny alyp gaçyp, 300 kilometr menzil geçdi
ABŞ-da Muhammet Alynyň öýi satuwa çykaryldy
Akulalar adamlar bilen duşuşanlaryndan soň gaharjaň bolýarlar
Bukingem köşgi adaty bolmadyk wezipe üçin hünärmen gözleýär
Fransiýada sygyrlara molamaga kanun taýdan rugsat berdiler