Kaşaň desgalaryň ýalkymy

Kaşaň desgalaryň ýalkymy

Türkmenistanyň PrezidentiGurbanguly Berdimuhamedow:

— Biziň baş maksadymyz Aşgabady dünýä ülňülerine laýyk gelýän geljegiň şäherine, ýaşaýjylar we myhmanlar üçin iň amatly şertleri bolan ajaýyp şähere öwürmekdir.

Şäherlerde we obalarda toplumlaýyn düzümi düýpli döwrebaplaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmak hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen Diýarymyzda yzygiderli amala aşyrylýan hem-de ata Watanymyzyň ähli sebitlerini gurşap alan giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň esasy maksady bolup durýar.

Milli Liderimiz möhüm gurluşyk taslamalarynyň başyny başlamak bilen, olary işläp taýýarlamagyň hem-de durmuşa geçirmegiň ähli tapgyrlaryny yzygiderli gözegçilikde saklap, öňde goýlan wezipeleri çözmäge, şol sanda bezeg we ekologiýa ugurlary, desgalaryň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyrmak, zerur bolan ýaşaýyş-durmuş, inženerçilik-tehniki hem-de ulag-aragatnaşyk düzümini döretmäge täzeçil, oýlanyşykly çemeleşmegiň ähmiýetini belleýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwri üçin taslamalaryň giň gerimliligi mahsusdyr, belent binalar gurulýar, täze şäherler hem-de obalar açylýar, müňlerçe kilometre uzalyp gidýän gara we polat ýollar çekilýär, halkara ähmiýetli ulag düzümi döredilýär. Ýurdumyzda dowam edýän gurluşygyň gerimi milli ykdysadyýetimiziň sazlaşykly ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Şunda diňe gurmak däl-de, eýsem, dünýä ölçeglerine laýyklykda, ýokary hilli gurmak möhümdir.

Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan özgertmeleriň üstünlige beslenýändiginiň nusgalyk mysaly ak mermerli paýtagtymyzdyr. Ol täze gurluşyklarynyň gerimi hem-de ajaýyplylygy bilen haýran galdyrýar. Aşgabat okgunlylyk bilen häzirki zamanyň iri şäherine öwrülip, gün-günden dünýäniň ýaşamak üçin has oňaýly we owadan şäherleriniň birine öwrülýär. Soňky ýyllarda paýtagtymyzyň depginli täzelenýän binagärlik keşbini ajaýyp desgalaryň we binalaryň ençeme toplumlary bezedi.

Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany diýlip yglan edilen hem-de eziz Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň, ak memmerli Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygynyň bellenilýän şu ýylda hem dürli maksatly desgalar yzygiderli açylyp ulanylmaga berilýär.

Ine, golaýda hem paýtagtymyzyň günorta böleginde Türkmenbaşy döwlet täjirçilik bankynyň hem-de Senagat paýdarlar täjirçilik bankynyň dolandyryş edaralarynyň täze binalarynyň açylyş dabarasy boldy. Şol gün Çandybil şaýolunyň ugrunda milli binagärligimiziň esasynda gurlan täze döwrebap awtobus duralgalarynyň ikisi ulanmaga berildi.

Bu täze gurlan duralgalarda ýolagçylar üçin döredilen şertler, desganyň özboluşly aýratynlygy, täze tehnologiýalara esaslanýanlygy döwrüň möhüm talabyndan ugur alýanlygy bilen tapawutlanýar.

Düýn bolsa Aşgabadyň şu böleginde, ýagny Çandybil şaýolunyň ugrunda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Halk Maslahatynyň Diwanynyň binasy dabaraly ýagdaýda ulanylmaga berildi.

Bu kaşaň binany Türkmenistanyň Prezidentiniň Diwanynyň Iş dolandyryş müdirliginiň buýurmasy boýunça ýurdumyz bilen köpden bäri netijeli hyzmatdaşlyk edýän Buig Batiman Internasional fransuz kompaniýasy gurdy.

Bäş gatly binanyň beýikligi 31,36 metre, uzynlygy 112 metre barabardyr. Täsinligi bilen haýran galdyrýan täze binanyň ýanaşyk ýerleri döwrüň talabyna laýyklykda abadanlaşdyryldy. Bu ýerde dürli bag nahallary oturdyldy. Binanyň töweregindäki gök zolagyň meýdany 34 684 inedördül metre barabardyr.

Şol ýerde 32 orunlyk üsti ýapyk awtoduralga hem-de 15 orunlyk üsti açyk awtoduralga göz öňünde tutuldy. Bu ýerde döredilen suw howuzlary — çüwdürimler täze bina bilen ajaýyp sazlaşyk döredýär. Olaryň meýdany 43 inedördül metre barabardyr.

Binanyň doly kompýuterleşdirilen we beýleki zerur enjamlar bilen üpjün edilen iş otaglarynda Halk Maslahatynyň agzalarynyň hem-de beýleki hünärmenleriň netijeli işlemegi üçin ähli şertler döredildi.

Şeýlelikde, Halk Maslahatynyň Diwanynyň täze açylan binasy paýtagtymyzyň şu künjeginde öň gurlup, ulanylmaga berlen kaşaň desgalar, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň binalary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirip, ak mermerli Aşgabadyň gözelligini has-da artdyrar.

Öwezmyrat RAHYMOW.

https://www.turkmenmetbugat.gov.tm/tk/articles/25927

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmagyň barşy bilen tanyşdy
Ýakyn geljekde nobatdaky täze gurluşyklar Aşgabadyň binagärlik keşbini bezär
19.05.2018 | Türkmenistanyň Prezidenti Köpetdagyň eteginden paýtagtymyzyň merkezine çenli welosipedli gezelenç etdi
05.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy - 2018 ýyl: maliýe-ykdysady ulgam
12.02.2019 | Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň ýyl ýazgysy — 2018-nji ýyl: gurluşyk we elektroenergetika