Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär

Kazanyň halkara howa menzili Türkmenistan bilen howa ýollary gatnaşyklaryny aprelde täzeden dikeltmegi meýilleşdirýär diýip 21-nji martda “Kazanskiýe wedomosti” howa menziliniň metbigat gullugyna salgylanyp habar berdi.

“27-nji martda ýaz-tomus nawigasiýa möwsümi başlaýar, bu döwürde Kazanyň halkara howa menzilinde uçuşlaryň sany artdyyrlýar.Mysal üçin, aprel aýynda Aşgabada we Minskä uçuşlary täzeden ýola goýmak meýilleşdirilýär” diýip howa menziliniň metbugat wekili Adel Gataullin aýdýar.

Ýatladyp geçsek, 25-nji ýanwarda Kazan howa menziliniň baş ýolbaşçysy Sergeý Romansowyň beren habaryna görä, Türkmenistan bilen howa gatnaşyklary tomusda täzeden ýola goýlar.

“Tomusky nawigasiýa möwsüminiň başlanmagy bilen daşary ýurtly hyzmatdaş-şirketler “Smartwings”, “air Baltic”, “Azal” (Azerbaýjan howaýollary), ”Türkmenistan howaýollary” ýokanja çenli derejede uçuşlaryny ýerine ýetirip öňki ýollaryna dolanarlar” emeldar aýdypdy.

2020-njy ýylyň martynda “Türkmenistan howaýollary” Kazana halkara uçuşlaryny ýatyrypdy.

19-njy ýanwarda Türkiýäniň Aşgabatdaky ilçisiniň aýtmagyna görä, ol ýakyn wagtda’ iki ýurdyň arasynda howa gatnaşyklarynyň täzeden dikeldilmegine garaşýar.

The post Kazan Türkmenistan bilen howa gatnaşyklaryny aprelde täzeden ýola goýmagy meýilleşdirýär first appeared on Türkmenistanyň Hronikasy.

Ýene degişli makalalar

Hokkeý boýunça halkara ýaryş: dördünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: üçünji günüň netijeleri
Hokkeý boýunça halkara ýaryş: birinji günüň netijeleri
Palestinada Çagalaryň Ölmeginiň Öňi Alynmaly
Hytaý: "AUKUS ylalaşygy ýadro ýaraglanmany artdyryp biler"
Hünärmenler 2021-nji ýylda ýaşamak üçin dünýäniň iň gowy şäherleriniň sanawyny düzdüler