Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler

Kazanda türkmen saýlaw toparlary dörediler

Türkmenistanda 12-nji martda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin ýurduň Kazandaky Baş konsullygy öz raýatlaryna saýlaw uçastogyny gurar.

Bu barada Baş konsul Atadurdy Baýramow tarapyndan Kazan Federal Uniwersitetiniň Elabuž institutynyň (EI KFU) müdiri bilen bolan duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.

Hususan-da, Russiýa Federasiýasyndaky (Kazan ş.) Türkmenistanyň Baş konsullygynyň çäginde Russiýanyň sebitlerindäki türkmen raýatlary üçin saýlaw uçastogynyň guruljakdygy bellenilip geçildi. Oňa Tatarstan, Başkortostan, Mari El, Mordowiýa, Udmurtiýa we Çuwaşiýa, Perm çäkleri, Kirow, Nižniý Nowgorod, Orenburg, Penza, Samara, Saratow we Ulýanowsk sebitleri degişlidir.

Belläp geçsek, Türkmenistanda saýlaw möwsümi 14-nji fewralda başlapdy. Ministrler Kabinetiniň başlygynyň orunbasary Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgär hökmünde eýýäm hasaba alyndy.

Merkezi saýlaw topary (MST), şeýle hem Türkmenistanyň Agrar partiýasyndan dalaşgär — Mary welaýatynyň häkiminiň orunbasary Agajan Bekmyradowy hem bellige aldy.

Häzirki wagtda Türkmenistanyň Prezidenti wezipesine dalaşgärleri hödürlemek dowam edýär.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Özbegistanyň medeniýet ministri Türkmen we özbek halklarynyň dostluk festiwalynda aýdym aýtdy, Türkmenistanda 30-dan gowrak döwlet eýeçiligine degişli desga satuwa çykaryldy we beýleki habarlar
Türkmenistanda geçiriljek Prezident saýlawlary üçin möhletinden öň ses berlişik başlady
Tatarystanyň Prezidenti Kazandaky täze türkmen konsuly bilen duşuşdy
Russiýanyň ýene-de 13 şäherinden Türkiýä uçar saparlary başlanar
Kazankow Týumen bilen şertnama baglaşdy
Türkmenistanyň Russiýadaky raýatlary wagtyndan ozal ses berlişige gatnaşyp bilerler