KDR-da gämi pajygasy başdan geçirildi

KDR-da gämi pajygasy başdan geçirildi

Kongo Demokratik Respublikasynyň Ekwator welaýatynda gämileriň biriniň batmagy netijesinde azyndan 40 adam ýogaldy, 167 adam dereksiz ýitdi.

Milli metbugatda berilen habarlara görä Ekwator welaýatynyň Mbandaka şäherçesindäki portdan ýola çykyp, Kongo derýasynyň üsti bilen Bolomba tarap ugur alan gämi ýolda batdy.

Wakada azyndan 40 adam ýogaldy, 167 adam dereksiz ýitdi.

Takmynan 190 adamyň halas edilen wakada, gözleg we halas ediş işleri dowam edýär.

Ýola çykanyndan birnäçe sagat soň gäminiň aşa ýük sebäpli ýöremekde kynçylyk çekendigi we ekipažynyň gämini deňagramlaşdyrmak synanyşygynda ilki başda bir tarapa gyşarylandygy, soň bolsa dolulygyna batandygy habar berildi.

Ýene degişli makalalar

Keniýada Ýeriň Süýşmegi Sebäpli 5 Adam Ýitdi
OPEC döredildi
Nobel baýragynyň laureaty prezidentlige dalaş eder
Kongonyň Prezidenti resmi sapar bilen Azerbaýjana bardy
Afrikanyň Milletler kubogynyň çärýek final tapgyrynyň ähli jübütleri belli boldy
BMG 7 Ýurda 100 Million Dollarlyk Kömek Berer