Kebapdyr, etden däldir

Her paslyň özüne mahsus gözelligi bar. Ýaz paslynyň gelmegi bilen tebigata jan girip, daş-töwerek al-ýaşyl öwsüp başlaýar.Bu paslyň başynda bolsa açyk meýdanlarda ýeriň astyndan güberip çykýan kömelekler peýda bolýar.

Bir öýjükli we köp öýjükli bu organizmiň örän köp görnüşi bolýar. Ýerden gögerip çykýanlygy sebäpli ösümlik diýilýän hem bolsa, kömelekler ösümlik hasaplanmaýar.Sebäbi olarda hlorofil maddasy bolmaýar.Hlorofil bolsa ösümliklere mahsus bolup, ol şöhläni özüne siňdirip, fotosintez hadysasyny amala aşyrýar.

Bu biologik pigment ýokdugy sebäpli kömelekler ösümlige degişli hasaplanmaýar.

Tebigy ýagdaýda emele gelýän iýmitlik kömelegi jaýyň içinde ekmek arkaly hem köpeldýärler.Kömelek, esasan, iki bölekden ybarat bolup, onuň depesinde saýawan şekilli, aşagynda taýajyk şekilli bölek (göbek) bolýar.

Ol göbeginiň toprak bilen birigýän ýeri arkaly iýmitlenýär.Biziň kömelek diýip ýygnaýan zadymyz aslynda bu jandaryň miwesidir.Onuň düýbi, has dogrusy, köki (spora) kömelek ýygylandan soňra toprakda galýar. Şol sebäpli ozal kömelek ýygylan ýerden ýene-de kömelek tapyp bolýar.

Sebäbi onuň düýbi edil miwe agaçlary ýaly ýene-de miwe berýär.Bu kökler bir ýyldan hem uzak ýaşaýar.Ekme kömelek hem şol kökler arkaly köpeldilýär.Tebigy ýagdaýda ýetişýän kömelekler olaryň saýawanynyň şekiline görä toparlara bölünýär.

Kömelekleriň ähli görnüşi başga bir ösümligiň ýa-da jandaryň iýmitinden peýdalanýar.Olar iýmitlik maddalaryny çüýrük ösümliklerden ýa-da beýleki janly organizmlerden alýarlar.

Tebigatda birnäçe görnüşli kömelek bolup, olaryň arasynda zäherlileri hem bolýar. Şol sebäpli kömelek ýygylanda olaryň zäherli däldigini anyklamaly bolýar.

Aýsoltan Muhammetdawydowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň talyby.

The post Kebapdyr, etden däldir appeared first on Zaman Türkmenistan.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Ýylyň zenany bäsleşiginiň ýeňijileri belli edildi
Türkmenistanda Ýylyň zenany bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi
BELENT HORMATYŇ GÖRELDESI
11-nji aprelde agyr atletika boýunça Aşgabadyň çempionaty geçiriler