Kenar balyk önümlerini gaýtadan işleýän türkmen kärhanasy dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär

Kenar balyk önümlerini gaýtadan işleýän türkmen kärhanasy dünýä bazarlaryna çykmagy meýilleşdirýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy bolan Kenar kompaniýasy önümleri Türkmenistanyň raýatlarynyň arasynda uly islegden peýdalanýan, importyň ornuny tutýan we eksport ugurly kärhanalaryň biridir.

Telekeçi Arslan Meredowyň eýeçiligindäki balygy gaýtadan işleýän kärhana 2017-nji ýylyň fewral aýynda işe girizildi we şol döwürden bäri durnukly hem-de üstünlikli ösýär. Häzirki wagtda bu ýerde täze ýerli we Ýewropa Bileleşiginiň ýurtlaryndan getirilýän balyklaryň ýylda 300 tonnadan gowragyny gaýtadan işlemek prosesi ýola goýuldy.

Kärhana dünýä belli öndürijileriň, şol sanda Germaniýanyň, Polşanyň, Russiýanyň we Türkiýäniň kompaniýalarynyň döwrebap enjamlary we tehnologiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr, bu bolsa halkara hil standartlaryna laýyk gelýän dürli balyk önümlerini öndürmäge we dogry şertlerde saklamaga mümkinçilik berýär.

Balyklary gaýtadan işlemegiň häzirki zaman tehnologiýalary önümçilik işini galyndysyz görnüşde amala aşyrmaga mümkinçilik berýär, şeýle hem balyk çig malynyň islendik görnüşini teňňelerini öňünden arassalap ýa-da şol durkunda süňküni aýyrmak, doňdurylan we sowadylan balyklary böleklere hem-de steýklere bölmek işini üpjün edýär.

Alyjylara balyklaryň birnäçe görnüşi hödürlenýär: ýeňil duzlanan Atlantika takgaz balygy, Atlantika takgaz balygynyň ýagda filesi (süňki aýrylan eti), sowuk kakadylan skumbriýa we ýeňil duzlanan gyzyl balyk (losos). Taýýar önüm ýörite gaplarda we wakuum gaplamalarda gaplanýar.

Döwrebap gaplama balyk önümleriniň uzak saklanyş möhletini, şol bir wagtyň özünde ýokary hilini üpjün etmäge ukyplydyr, bu bolsa onuň daşary ýurtlaryň meňzeş önümleri bilen üstünlikli bäsdeşlik etmeginiň faktorlarynyň birine öwrülip biler. Taýýar önümleriň howpsuzlygy we hil standartlaryna laýyklygy hemişe gözegçilikde saklanýar. Kenar tarapyndan öndürilen önümleriň HACCP halkara sertifikatyna mynasyp bolmagy olaryň howpsuzlygyny resmi taýdan tassyklaýar.

Dürli balyk önümleri ýörite sowadyjy ulaglarda ýurduň ähli sebitlerine eltilip berilýär, bu bolsa olaryň täzeligini we ajaýyp daşky keşbini üpjün edýär. Öndürilýän önümleriň görnüşleri we bahalaryň diapazony şeýle bir giň welin, islendik alyjynyň agzynyň tagamyny we býudjetini kanagatlandyryp biler.

Häzirki wagtda Kenar önümçilik kuwwatyny ýokarlandyrmagy we önümlerini daşary ýurtlara eksport etmegi maksat edinýär. Önümleriň halkara sertifikata mynasyp bolmagy, daşary ýurtly kärdeşler bilen aragatnaşyk saklamagyň başarnykly strategiýasy, sergi çärelerini işjeň alyp barmak bu maksatlara ýetilmegi üpjün edýär. Kenar her ýyl Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda geçirilýän halkara sergilere we ýaryşlara gatnaşýar.

Kenar HK-nyň habarlaşmak üçin maglumatlary:

Bellik: habar aksiýa boýunça ýerleşdirildi: Sarayan fabriginden ýörite iş geýimini sargyt etseňiz, Turkmenportal web saýtynda önümleriňizi mahabatlandyryp bilersiňiz.

Ýene degişli makalalar

ABŞ Atlantika flodyny täzeden gurýar
18.12.2019 | Hazar dostluk we hoşniýetli goňşuçylyk kenarlaryndaky ylalaşyk deňzi