Keniýaly balykçylar 1 aý soň halas edildi

Keniýaly balykçylar 1 aý soň halas edildi

Takmynan 1 aý ozal Hindi okeanynda düzüminde 4 balykçy bolan gaýygyň agdarylmagyndan soň, Keniýanyň Kenarýaka howpsuzlyk gullugy gözleg we halas ediş işlerini başlatdy.

Balykçylaryň agdarylan gaýyklaryna saklanyp diri galmagyň hötdesinden gelendikleri we Hytaýa degişli bir gämi tarapyndan halas edilendikleri aýan edildi.

Keniýaly balykçylaryň birnäçe hepdäniň içinde öýlerine gaýdyp barjakdyklary habar berildi.

Kilifi diýilýän ýeriň kenaryndan noýabr aýynyň ahyrynda Hindi okeanyna tarap ýola çykan balykçylara degişli gaýyk birnäçe wagt soň dereksiz ýitipdi.

Ýene degişli makalalar

Gyzylbalyk eksporty 56 göterim artdy
Iň köp agaç ekýän ýurtlar
Wepa Hajiýew Türkmenistanyň Şweýsariýa Konfederasiýasyndaky ilçisi wezipesine bellenildi
Keniýada bolan partlamada iki adam ýogaldy
Tanzaniýada ulag heläkçiligi başdan geçirildi
Keniýada bent ýykylyp, 42 adam pida boldy