
Kerki etrabynyň pagtaçylary ýygym möwsüminiň başyndan bäri pagta taýýarlamakda welaýatda öňdeligi elden bermän gelýärler ― diýip, Türkmen gündogary gazeti ýazýar.
Olaryň gündelik taýýarlaýan pagtasy şu günler hem beýleki etraplaryňkydan ýokary bolup, pellehana barha golaýlaşýarlar. Etrabyň daýhanlarynyň pagta taýýarlamak baradaky borçnamalaryny ýerine ýetirmekleri baradaky hoş habary buşlajak wagtlary uzakda däl.
— Şu ýyl dört hatarly John Deer kysymly pagta ýygyjy kombaýnlaryň 36-syny ak altynly atyzlara çykardyk. Tehnikanyň kömeginden netijeli peýdalanandygymyz üçin biz beýleki etraplardan ep-esli öňe saýlandyk. Kombaýnçylary wagtly-wagtynda höweslendirip, olaryň arasynda özara ýaryş guradyk — diýip, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Kerki etrap komitetiniň başlygy Rahmanberdi Öwezow gazetiň habarçysyna gürrüň berdi.
Etrapda kombaýnçylaryň arasynda guralan ýaryşda hem şu güne çenli 700 gektar ýeriň her gektaryndan 2,5 tonna pagta ýygmagy başaran Toýly Hojageldiýew öňde barýar.Onuň yz ýanyndan barýan Sergeý Rahmankulow hem 670 gektar meýdanyň her gektaryndan ortaça 2,5 tonna pagta ýygmagy başarypdyr.
Tejribeli sürüji-mehanik, kombaýnçy Ferhat Allahanow bolsa olardan sähelçe yza galýar.Göýä ak dona bürenen ýaly görünýän ak peller bolsa olaryň göwün guşlaryny asmana göterýär.Daýhan mert — ýer jomart diýlişi ýaly, sahy toprak bu ýyl hasyly kemsiz eçilipdir.
Munuň özi çekilen zähmetiň ýerine düşendigini görkezýär.Etrapda gowaçanyň hasyllylygyny 50 sentnere ýetiren kärendeçileriň sany 1 müňe ýetip barýar.Olaryň başyny çekýän Azatlyk daýhan birleşiginden Bäşim Hudaýnazarow, Jorakul Baratow, Osman Söhbetow adyndaky daýhan birleşiginden Astanakul Ýaňybaýew dagy şu günler 50 sentnerden hem geçirip, hasyl ýygnadylar.