Kerkide çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, Türkmenabada gidýän göwreli zenanlar “köpelýär”

Kerkide çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, Türkmenabada gidýän göwreli zenanlar “köpelýär”

Soňky aýlarda Lebabyň Kerki etrabynda göwreli aýallaryň çaga dogurmak üçin ýüzlerçe kilometr ýol aşyp, welaýat merkezi Türkmenabat şäherindäki lukmançylyk merkezlerine gitmegi bilen bagly wakalar göz-görtele köpeldi.

Ýerli ýaşaýjylar munuň sebäbini göwreli zenanlaryň öz ýaşaýan sebitinde kadaly lukmançylyk kömegini alyp bilmeýändigi, sebitde öz hünärini bilýän lukmanlaryň azlygy bilen düşündirýärler. Bu barada Azatlyk Radiosynyň habarçy 11-nji aprelde sebitden maglumat berdi.

“Soňky aýlarda Kerkiniň hassahanasynyň bäbekhana bölümine baran göwreli aýallaryň arasynda akuşer-ginekolog tapdyrman, çagany şepagat uýalarynyň dogurtmagy ýaly wakalar köp boldy. Bu ýagdaýlary eşidýän göwreli zenanlar we olaryň ýan ýoldaşlary, 200 kilometr çemesi ýol sökmeli bolsa-da, Türkmenabada gidip, çagalaryny şol ýerde dogurtmagy makul hasaplaýarlar” diýip, ýagdaýlardan habarly kerkili zenan anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Kerkili ýaşaýjylaryň ençemesi soňky döwürde sebitiň lukmançylyk edaralarynda bäbekleriň şikesli ýa-da öli dogulmagy bilen bagly wakalaryň hem artandygyny belleýär.

“Bu ýagdaýlar göwreli zenanlary aladalandyrýar. Adamlar bu bolýan, görýän we eşidýän zatlaryndan gorkup, göwreli aýallaryny Türkmenabadyň Ene mähri’ merkezine ýa-da Çagalar welaýat hassahanasynyň bäbekhana bölümine alyp gidýärler. Men hem şony etdim. Ýollar weýran bolup ýatyr. Maşynda barýançak aýalym gaty kösendi” diýip, ýakynda göwreli aýalyny Türkmenabada alyp giden kerkili ýaşaýjy anonim şertde habarçymyza gürrüň berdi.

Ýerli ýaşaýjylar Kerkiniň hassahanasyndaky köp lukmanyň öňünden para bermedik göwreli aýallaryň saglygyna “kadaly seretmeýändigini” hem belleýärler.

“Para bermedik göwreli zenanlaryň ýüzüne hem seredilmeýär. Türkmenabatda hem göwreli aýalyňa we täze doglan çagaňa talaba laýyk seredilmegi üçin “eli aklyk”, ýagny para bermeli bolýarsyň. Onuň möçberi 2000-4000 manat aralygynda üýtgeýär. Kerkiniň lukmanlary bu parany hasap etmeýärler” diýip, ýagdaýlardan habarly ýerli ýaşaýjy Kerkiniň we Türkmenabadyň hassahanalarynyň gaznasyna geçirilmeli resmi tölegiň möçberiniň deňdigini hem belledi.

Türkmenabadyň “Ene mähri” merkezinde işleýän bir şepagat uýasy anonim şertde habarçymyza beren maglumatynda Kerkiden lukmançylyk edarasyna gelýän göwreli aýallaryň sanynyň köpelendigi tassyklady.

“Hususan-da, soňky iki aýyň dowamynda öňküsinden hem köp göwreli aýal gelýär” diýip, şepagat uýasy belledi.

Azatlyk bu ýagdaýlar barada Kerkiniň we Türkmenabadyň hassahanalaryndan resmi teswir alyp bilmedi. Redaksiýanyň bu aýdylanlar barada welaýat Saglygy goraýyş bölümi bilen telefon arkaly habarlaşmak synanyşyklary hem başa barmady.

Bellesek, bu maglumat, Türkmenistanda göwreli zenanlaryň öz ýaşaýan sebitinde “kadaly lukmançylyk kömegini” alyp bilmeýändigi barada Azatlyga soňky ýarym aýyň dowamynda gelip gowşan ikinji maglumatdyr.

27-nji martda Marydaky habarçymyz Mary şäherindäki “Ene mähri” merkeziniň we Mary etrap hassahanasynyň göwreli gelinlerden doludygyny habar berdi. Ol munuň bir ýyl ozal abatlaýyş işleri geçirilip başlanan iki sebit hassahanasynyň heniz hem ýapyklygyna galýandygy bilen baglanyşyklydygyny aýdypdy.

Türkmenistanyň saglyk pudagy, Azatlygyň habarçylarynyň berýän maglumatlaryna görä, soňky onýyllyklarda juda peseldi. Muňa ýurtda dowam edýän ykdysady kynçylyklaryň arasynda, öz hünärini bilýän lukmanlaryň köpüsiniň işlemek ýa-da ýaşamak üçin daşary ýurtlara gitmegi, şeýle-de, bilim we saglyk pudagynda “giň ýaýran parahorluk” sebäp boldy.

Soňky iki onýyllygyň dowamynda Türkmenistanda bahasy millionlarça amerikan dollaryna barabar bolan lukmançylyk merkezleriniň onlarçasy guruldy. Ýöne raýatlar aglabasy paýtagt Aşgabatda ýerleşýän täze lukmançylyk merkezlerindäki hyzmatlaryň bahalarynyň köpler üçin elýeterli däldigini, şeýle-de olarda hem öz hünärini bilýän hünärmenleriň azdygyny aýdyp gelýärler.

Türkmen häkimiýetleri we media serişdeleri bu ýagdaýlar barada maglumat bermeýärler.

Gadyrly okyjy, siz Telegram we WhatsApp tilsimleriniň messenjerleri arkaly Azatlyk Radiosy bilen howpsuz ýagdaýda habarlaşyp bilersiňiz. Telefon belgileri: +420 724 168 989 we +420 773 797 383.

Türkmenistanda VPN ulgamlary arkaly işleýär. Siz şu meýl: azathabar@derweze.net we sep arkaly biziň mugt Psiphon3 VPNulgamymyzy Android ulgamlary üçin ýükläp bilersiňiz. Azatlyk Radiosy siziň şahsyýetiňiziň doly gizlinligini kepillendirýär.

Ýene degişli makalalar

Uly toýlar we 'dört tärime sygmaýan' durmuşyň jogapsyz soraglary
Maşynyň gyşda hem ilkinji gezekde otlanmagy üçin näme etmeli?
Dünýäniň ösen senagat ýurtlary
Geljegiň kuwwatly ulagy
Häkimiýetler 'awtoulag urşuny' dowam etdirýär, synçylar jerimeleriň resmileriň jübüsine gidýändigini aýdýar
23.06.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary