KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

KHBS ÜÇIN MAGLUMAT

Ukrainanyň habar beriş serişdeleri tarapyndan Türkmenistan barada ýaýradylan tarapgöý häsiýetli habarlar bilen baglanyşykly Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi aşakdakylary beýan edýär.

Türkmen tarapy şu ýylyň 8-nji iýulynda Ukrainanyň FREEДОМ teleýaýlymynda Türkmenistanyň internete elýeterlilik babatynda göýä ýapyklygy barada aýdylan tarapgöý häsiýetli we hakykata laýyk gelmeýän maglumatlary bilen baglylykda nägileligini bildirýär.

Bu ýagdaý aňrybaş düşünişmezligi döredýär, çünki häzirki zaman Türkmenistan barada hiç hili düşünjesi bolmadyk, ýurdumyza hiç haçan gelip görmedik, şeýle hem ýurduň döwlet we jemgyýetçilik düzümleriniň wekilleri, kärdeşleri bilen hiç hili gatnaşyklary saklamaýan ýokarda agzalan teleýaýlymyň wekilleriniň beýle maglumatlary ýaýratmaga näme hukugy bar!

FREEДОМ teleýaýlymynyň Türkmenistan barada hakykata laýyk gelmeýän we ýoýlan maglumatlary bilkastlaýyn ýaýratmak bilen, tomaşaçylar köpçüligine galp habarlary ýetirmesiniň ilkinji gezek däldigini bellemek gerek.

Bularyň hemmesi Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň tutuş döwründe türkmen tarapynyň ukrain halkyna berýän köpýyllyk ykdysady we ynsanperwer goldawynyň şertlerinde bolup geçýär.

Şeýlelikde, 1990-njy ýyllardan başlap, Türkmenistan köp ýyldan bäri Ukrainany uly göwrümlerde tebigy gazy bilen üpjün edýärdi. Mundan başga-da, bu döwrüň içinde birnäçe ukrain kompaniýalary Türkmenistanda milliardlarça ABŞ dollaryna barabar bolan energetika, ýol-ulag, aragatnaşyk, infrastruktura we beýleki ugurlarda köpsanly taslamalary durmuşa geçirdiler. Bu kompaniýalar häzirki günde hem biziň ýurdumyzda işleri alyp barýarlar.

Aýdylanlara esaslanyp, käbir ukrain KHBS-iň wekillerine ýagşylyga ýagşylyk ýaly durmuş hakykatynyň tersine hereket etmegiň deregine, onuň ýokary ähmiýetini we gymmatyny ýatdan çykarmazlyk zerurdyr.

Ýokarda agzalanlardan ugur alyp, türkmen tarapy maglumat syýasaty üçin jogapkär Ukrainanyň degişli döwlet edaralaryndan geljekde ýokarda görkezilen ýagdaýlaryň mundan beýläk gaýtalanmazlygy üçin ukrain kanunçylygyna laýyklykda zerur çäreleri görmegini talap edýär.

Türkmenistanyň DIM-iň metbugat gullugy

Ýene degişli makalalar

Abdulaziz Kamilowa Türkmenistanyň Hormatly il ýaşulusy diýen at dakyldy
Ankarada Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanan tegelek stol geçirildi
Türkmenistan Asiavision reýtinginiň öňdebaryjy onlugyndan ýer aldy
Halk Maslahatynyň Başlygynyň Eýrana saparynyň dowamynda 5 sany täze resminama gol çekildi, Türkmenistanyň IIM ýangyn howpsuzlygy düzgünlerini berjaý etmek barada duýdurýar, Türkmenistanda ýylyň iň gowy talyby saýlanyldy we beýleki habarlar
ÝAŞYL YKDYSADYÝET WE SANLY ÖZGERTMELERIŇ MESELELERI BILEN BAGLY TEGELEK STOL BOÝUNÇA KHBS ÜÇIN HABAR
Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly harby ýörişe gatnaşdy, Türkmenistanyň bilim ministri Londonda geçirilen Bütindünýä forumyna gatnaşdy we beýleki habarlar