Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy

Kim Çen In ABŞ-na Hemle Atdy

Demirgazyk Koreýanyň Merkezi habarlar gullugynyň mälim etmegine görä In, düýn Demirgazygyň üçünji gezek geçiren “Hwasong-18” materikara ballistiki raketa synagyna syn etdi.

Kim Çen In Phenýanyň “iň güýçli strategik başlangyç hüjüm ulaglarynyň howpsuzlygynyň ýene-de bir gezek tassyklanandygy nygtalan synaga kanagatlanma” dildirendigi habar berildi.

Synagyň ABŞ “ýalňyş kararlary kabul eden” halatynda ýurdunyň nähili reaksiýa görkezjekdigini görkezýändigini aýdan In, “duşmanlaryň perwaýsyz we jogapkärçiliksiz harby abaý-syýasatlaryna asla geçirimlilik edilmejekdigini we olara has agressiw aksiýalar bilen güýçli garşylyk görkeziljekdigini” nygtady.

ABŞ-nyň guryýer bölegine çenli baryp ýetjek ukyba eýedigi öňe sürülýän “Hwasong-18” ýurduň in güýçli ýaragy kabul edilýär.

Demirgazyk Koreýa aprel we iýul aýlarynda-da “Hwasong-18-iň” synaglaryny geçiripdi.

Ýene degişli makalalar

Demirgazyk Koreýa bilen Hytaýyň arasyndaky hyzmatdaşlyk pugtalanýar
Russiýa Federasiýasynyň prezidenti Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Rus lider Demirgazyk Koreýada saparda bolýar
Kim: "Günorta bilen dartgynlyk iň erbet derejede" diýdi
“Altyn asyr” ilkinji gezek AFK-NYŇ Kubogynyň finalynda oýnar
27.10.2018 | Altyn asyr futbol topary — AFK kubogynyň kümüş baýragynyň eýesi