Kinologiýa ulgamynda türkmen-fransuz hyzmatdaşlygynyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy

Şu gün Türkmen alabaý itleri Halkara assosiasiýsynyň we Fransiýanyň Merkezi kinologiýa jemgyýetiniň wekilleriniň onlaýn-duşuşygy geçirildi, onuň barşynda hyzmatdaşlygyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Gepleşiklere fransuz tarapyndan Nantyň Weterinariýa mekdebiniň professory Klod Gantar, Halkara kinologiýa federasiýasynda Fransiýadan eminler toparynyň agzasy Greguar Leroý we Kinologiýa jemgyýetiniň halkara bölüminiň işgäri Fler Mari-Missant gatnaşdylar.

Wideoduşuşygň dowamynda Türkmenistanyň wekilleri fransiýaly hünärmenleri işi türkmen alabaýlarynyň seçgisine, özboluşly bu tohum itlerini saklap galmaga we köpeltmäge, ony dünýä ýaýmaga gönükdirilen birleşigiň gurluşy hem-de alyp barýan işleri bilen tanyşdyrdylar.

Bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda alabaýlaryň gymmatly sypatlaryny ösdürmek boýunça toplumlaýyn işler alnyp barylýar, kinologik işiň we itşynaslygyň döwrebap ulgamy kemala getirilýär.

Fransuz tarapy Türkmenistanyň tagallalaryna ýokary baha berdi we köpugurly gatnaşyklara gyzyklanma bildirdi. Şu jähtden iki ýurduň kinologik ulgamynyň hünärmenleriniň özara saparlaryny guramak barada ylalaşyk gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
12-nji dekabrda Türkmenistandaky teatrlarda baýramçylyk çykyşlary we konsertler bolar
Ýurdumyzyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Türkmenistanyň teatrlarynda Hemişelik Bitaraplyk dostdoganlyk binýady atly dünýä nusgawy sahna eserleriniň hepdeligi geçiriler
Moneniň kartinasy 74 million dollara satyldy