Kipriň Grek Bölegi tokaý ýangynlaryna garşy sebitiň ýurtlaryndan kömek sorady

Kipriň Grek Bölegi tokaý ýangynlaryna garşy sebitiň ýurtlaryndan kömek sorady

Kipriň Grek Böleginiň metbugatynda berilen habarlara görä, Limassol şäheriniň Alasa obasynyň golaýynda penşenbe güni başlan we söndürilen tokaý ýangyny şu gün ýaňadandan başlady.

Ýeliň täsiri bilen ýaýraýan we käbir ýaşaýyş zolaklaryna howp salýan tokaý ýangynlaryna garşy göreş hem howadan hem-de gury ýerden dowam edýärkä hökümediň metbugat geňeşçisi Konstantinos Letimbiotis, Daşary işler ministrliginiň kömek talap etmek üçin Ysraýyl, Liwan, Müsür we Gresiýa ýaly döwletler bilen aragatnaşyga geçendigini habar berdi.

Habarlarda Iordaniýa tarapyndan ugradylan 3 dikuçaryň sebitdäki tokaý ýangynlaryna garşy göreşe gatnaşýandygy bellenip, ýangynyň näme sebäpli ýüze çykandygynyň we söndürileninden soň näme sebäpli ýaňadandan başlandygynyň derňelýändigi mälim edildi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TRT World Kipr bilen bagly dokumental film taýarlady
Dünýä liderleri we halkara guramalar Gazadaky hüjümi ýazgarýarlar
ÝB-ne agza käbir ýurtlaryň Palestinany ykrar etmegi meýilleşdirýändigi öňe sürüldi
Türkiýäniň Strategik Göçümleri Gresiýanyň Gün-tertibinde
Türkiye energiýa taýdan baý ýurtlar üçin näme sebäpli möhüm?