Kitap adamzadyň ruhy hazynasy

Kitap adamzadyň ruhy hazynasy

Aşgabat şäher medeniýet müdirliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar ulgamynyň Arzuw şäherçe kitaphana şahamçasynyň guramagynda Kitap adamzadyň ruhy hazynasy ady bilen Magtymguly adyndaky Merkezi kitaphanada söhbetdeşlik geçirildi.

Söhbetdeşlikde hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet atly kitaby halkymyzyň örän baý we köptaraply taryhy-medeni mirasynyň bardygyna aýdyň göz ýetirýär, ata-babalarymyzyň müňýyllyklarynyň dowamynda döreden medeni gymmatlyklary tutuş adamzat medeniýetiniň ösüşine uly goşant goşýandygy, olaryň şol uzak asyrlaryň dowamynda döreden taryhy gymmatlyklary dürli-dürli ýadygärlikleriň biziň günlerimize gelip ýetendigi, şeýle-de ýurdumyzyň taryhy ýadygärlikleri şu günki günde hem milli mirasymyzyň saldamly bölegini düzýändigi barada giňişleýin söhbet etdiler.

Söhbetdeşligiň ahyrynda Pähimpaýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda okyjylar köpçüligine gowşan täze kitaby, biziň her birimizi buýsandyrýandygy barada belläp şeýle ajaýyp kitaplary bilen halkyny ruhlandyrýan hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

Ýene degişli makalalar

Kitap ruhy hazyna
Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy
Halypalara sarpa
Magtymguly Pyragy nusgawy edebiýatynyň paýhas ummany
Sazyň nazaryýeti hepdeligi
Türkmenistan Watanym - bagtyýar çagalygyň mekany
Magtymgulynyň döredijiligi ýaşlara terbiýe mekdebi