Kitap biziň dostumyzdyr

Ýakynda Türkmenistanyň Bazar Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasynyň agzybir hünärmenleri bilen bilelikde çagajyklarymyzyň iň gelim gidimli ýeri bolan Aşgabat seýilgähimizde “Kitap biziň dostumyzdyr” ady bilen Aşgabat teleýaýlymyň gatnaşmagynda söhbetdeşlik geçirdi.

Söhbetdeşligiň dowamynda ýaşajyk çagalara kitap bilen dostlaşmagyň nähili gymmatlydygyny bellenilip geçildi. Çagajyklara gyzykly ertekilerdir,rowaýatlary okap gürrüň berildi.Soňra bolsa çagalara kitap okasaň özüňi dünýäni açyp görkezýänligi barada aýdylyp geçildi.

Söhbetdeşligiň ahyrynda ýaşajyk nesillerimiz özlerine şeýle giň mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlaryny beýan etdiler.

Ýene degişli makalalar

Jahanda kitap dek dost bolmaz
Jadyly ertekiler dünýäsi
Ylymlar ojagy kitaphanalar
Kitap - ylham hazynasy
Siz Watanyň şu güni hem ertiri, Ýurdumyň bagtyýar ogul-gyzlary
Ertekiler dünýäsine syýahat