Kitap gowşurylyş dabarasy

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasyna myhmançylyga gelen Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin, Birinji Sekretary He Çziweý duz-çörek bilen garşy alyndy.Soňra myhmanlar kitaphana aýlanyp gördiler hem-de ”Daşary ýurt dillerindäki edebiýatlar” bölüminde ýerleşdirilen Hytaý Halk Respublikasy tarapyndan sowgat berlen kitaplaryň we dürli dillerde neşir edilen kitaplaryň sergisi, “Seýrek neşirler” bölüminde ýerleşdirilen seýrek duş gelýän gadymy kitaplar, ilkinji döredilen neşir önümleri bilen tanyşdylar. Şeýle hem, myhmanlar Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa bilen geljekde uzak möhletleýin hyzmatdaşlyk etmek, şeýle hem, kitaphananyň hazynasynyň üstüni hytaý dilindäki kitaplar bilen baýlaşdyrmak boýunça söhbet etdiler.

Soňra Hytaý Halk Respublikasynyň Türkmenistandaky Ilçisi Çzi Şumin Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysyna 3 dilde neşir edilen, 49 at ýazgy bilen 200 kitaby sowgat berdi. Öz gezeginde Döwlet kitaphanasynyň ýolbaşçysy L.Nurmuhammedowa hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň rus dilinde neşir edilen “Ýaşlar Watanyň daýanjy” atly kitabyny sowgat berdi.

Ýene degişli makalalar

Durnukly ösüş üçin suw 2018 2028-nji ýyllar atly hereketleriň onýyllygyna bagyşlanyp Duşenbede ýokary derejeli dördünji halkara maslahat geçiriler
Koreýa Respublikasynyň Intellektual eýeçilik ministri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ilçileri bilen duşuşyk geçirdi
Bütindünýä welosiped güni mynasybetli Buharestde welosiped ýörişi geçirildi
Türkmen ýaşlary Pekinde geçirilen halkara festiwalda milli medeniýetiň baýlygyny görkezdiler
Pekinde Türkmen-hytaý işewürler forumynyň netijelerine bagyşlanan tanyşdyryş çäresi geçirildi
BMG-niň Baş Assambleýasynyň Halkara parahatçylygy, howpsuzlygy we durnukly ösüş işini goldamakda hem-de berkitmekde bitaraplyk syýasatynyň orny we ähmiýeti atly Kararnamasyna bagyşlanan maslahat