Kitap meniň ganatym

Kitap meniň ganatym

Türkmenistanyň B.Amanow adyndaky döwlet çagalar kitaphanasy ýaňy-ýakynda Aşgabat şäheriniň ýöriteleşdirilen 74-nji orta mekdebiniň kitap söýüji çagalarynyň arasynda Kitap meniň ganatym atly çeper okaýyş geçirdi.

Mekdebiň höwesjeň okuwçylary öz söýgüli çagalar ýazyjylarynyň ýazan ençeme goşgularyny labyzly okap berdiler. Özara sorag-jogap alyşdylar. Ajaýyp zamanamyzy, bagtyýar çagalygy, gözel tebigatymyzy wasp edýän goşgulary ýatdan aýdyp berdiler. Şeýle-de gurnalan sergi hem höwesjeň çagalarda uly täsir galdyrdy.

Çeper okaýyşyň ahyrynda ösüp gelýän ýaş nesillere kitap bilen ýakyndan dostlaşmaga uly mümkinçilikleri döredip berýän Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözleri beýan edildi.

Ýene degişli makalalar

BEÝIK MAGTYMGULYNYŇ ÝADYGÄRLIGI BELENTDEN SELEŇLÄP GÖRÜNÝÄR
Çeper okaýyş
Änew müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet
Deňizden öwser ýeli türkmeniň
Berkarardyr Ýaşyl tugly Watanym
Aşgabatda “Türkmen-hytaý zenanlarynyň dünýäsi” atly forum geçirildi