Kitap ruhy baýlyk

Şeýle ajaýyp ruhy gymmatlyklary özünde jemleýän kitaphanalar adamzadyň danyşmentliginiň ösmegine, jemgyýetde onuň kitaplara bolan isleglerini has-da artdyrmakda wagyz işlerini alyp barýar.Kitaphanalar ýurduň kitap baýlygyny toplamaga we olardan peýdalanmaga, şol toplanan ruhy hazyna arkaly döwletiň berkemegine, onuň durmuş ykdysady ösüşine bilimiň, ylmyň, edebiýatyň we sungatyň ýokary basgançaklaryna galmaklaryna ýardam edýär.Ynsan ömrüniň zerur mukaddesligine çäksiz hormat goýup, onuň Aly Hezreti kitaby özüne hemişelik ýaran edinen hormatly Prezidentimiz täze döwrüň ruhy baýlygyny artdyrmaga aýratyn ähmiýet berýär we kitap kerweniniň, akyl gämisiniň şu günki hem geljekki nesillerimize mynasyp hyzmat etmegi üçin döwlet derejesinde uly işleri durmuşa geçirýär.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň ösen medeniýetli, ýaşlaryň terbiýeli, geljekde ýurduň ykbaly ynanyljak mynasyp nesiller bolup ýetişmeklerinde, Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň pähim paýhaslaryndan dörän ruhy gymmatlyklary möhüm ähmiýete eýedir.

Biz kitaphana işgärleri uly buýsanç bilen bu döwletli kitaplary ýüzümize sylyp, atalaryň Akyl sandyklaryndan parasat dürdänelerini her bir türkmen perzendine serpaý edýän, gudratly sözüň güýji bilen ynsanlaryň kalbyna ýol salýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň atalyk kitaplarynyň höwrüniň köp bolmagyny, janlarynyň sag, başlarynyň hemişe belent bolmagyny arzuw edýäris.

Ýene degişli makalalar

Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligine badalga berildi
Ertekiler dünýäsi
Kitaphana ulgamyny ösdürmegiň döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmek we kitaphanalarda elektron neşirleriň goruny döretmek işiniň esasy ugurlary
Okuw-tejribe maslahaty
ZENAN ZEMIN ZYNATY
Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna döwlet sapary tamamlandy