Kitap söýüjiler üçin myhmanhana

Ýaponiýanyň Hokkaýdo adasynyň dolandyryş merkezi Sappora şäherinde myhmanlar üçin gije-gündiziň dowamynda dürli kitaplaryň elýeterli bolmagyna mümkinçilik berýän kitaphanaly myhmanhana açyldy.Häzirki wagtda Ýaponiýada wagtyny kitaplara sarp etmegi söýýänler üçin ajaýyp kitaphanalar we kitap dükanlary gurulýar.

Bu ýurtda kitap söýüjiler üçin kitaphanaly kaşaň myhmanhanalar bar.Lamp Light Books atly şeýle kitaphanaly myhmanhananyň ilkinjisi 2018-nji ýylda Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde açyldy.Indi bu tor Sappora çenli giňeldildi. Şäher merkezindäki Lamp Light Books Sapporo myhmanhanasynyň birinji gatynda kitap söýüjileriň ünsüni hiç zat sowmaz ýaly ähli mümkinçilik döredilen okalgaly kafe bar. 24 sagat açyk bolan bu ýerde dürli žanrlara degişli müňlerçe kitap bar.

Lamp Light Books nobatdaky myhmanhanasyny şu ýylyň ahyrynda Kýusýunyň demirgazygyndaky Fukuoka prefekturasynda açmagy meýilleşdirýär.

Hallygül Bakaşowa,

Balkan welaýatynyň Etrek etrap merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçysy.

Ýene degişli makalalar

Andersen baýragynyň finalçylary belli boldy
Hüwdi çaga dünýäsiniň mukaddes senasy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
ABŞ-nyň Uçar Gämisi Ýakyn Gündogara Bardy
Wirtual aktiwler sanly ulgamyň möhüm gymmatlygy
Bassem Tadros: Türkmenistan dünýäniň iň geljegi bar bolan energetika merkezleriniň biridir