KITAP-YNSANYŇ KÖŇÜL NAGŞYDYR

Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasynda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň Taryh fakultetiniň mugallymlary we talyplary “Ýaşlyk” teleýaýlymy bilen “Kitap-ynsanyň köňül nagşydyr” atly söhbetdeşlik geçirdiler.Talyp ýaşlar özleriniň çykyşlarynda okuwlaryndan boş wagtlary Döwlet kitaphanasyna gelip, bilimlerini artdyrýandyklaryny, bu ugurda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň gymmatly eserleriniň görelde mekdebi bolup durýandygy hakynda täsirli çykyş etdiler. Çykyşlarynyň ahyrynda talyp ýaşlar we mugallymlar türkmen ýaşlarynyň ylymly-bilimli, kämil nesiller bolup ýetişmegi ugrunda tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, alyp barýan beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Türkmenistanyň gurluşyk toplumy: giň gerimli maýa goýumlary we importyň ornuny tutýan önümçilige tarap ynamly ugur
Jemgyýetiň ösüşinde ýaşuly nesliň durmuş tejribesini goldanyp
Paýtagtymyzda Türkmen halysynyň baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi
Bagtyýar çagalygyň ýurdunda ýaş nesilleriň baýramy
Türkmenistanda Aşgabadyň 145 ýyllygy we “Soňky jaň” dabarasy giňden bellenilýär
Gahryman Arkadagymyz Çalyk Holding kompaniýalar toparynyň dolandyryjylar geňeşiniň başlygy bilen duşuşdy