
Köneürgençagyzsuw müdirliginiň işgärleri etrap merkeziniň ýaşaýjylarynyň hem-de oba ilatynyň arassa agyz suwy bilen bökdençsiz üpjün edilmeginde netijeli işleri alyp barýarlar.Müdirligiň garamagyndaky gije-gündiziň dowamynda 2 müň 140 kub metr arassa agyz suwuny öndürmäge niýetlenen desgada şu ýylyň dokuz ýarym aýynyň dowamynda 605 müň kub metrden gowrak içimlik suw öndürildi.
Bu bolsa meýilnamanyň artygy bilen berjaý edilendigini görkezýär diýlip, Türkmenistan gazetinde habar berildi.
Halkara ölçeglere laýyk gelýän enjamlar bilen üpjün edilen desganyň öndürijilik kuwwaty Köneürgenç şäheriniň, şeýle-de etrabyň Akýol geňeşliginiň Zaman, Eýmir, Paltagaçan obalarynyň, Täzeýol geňeşliginiň hem Gazakýer obasynyň ilatyny içimlik suw bilen ýeterlik mukdarda üpjün etmäge mümkinçilik berýär.
Habarda bellenilişi ýaly, häzirki wagtda agyz suw desgasynda işçi-hünärmenleriň 27-si gije-gündizleýin tertipde işleýär. Müdirligiň işgärleri suw alynýan 15 sany dikguýynyň suwunyň üznüksizligini, onuň düzümüniň arassalygyny saklamak boýunça degişli işleri alyp barýarlar.
Guýularyň çäklerinde arassaçylyk çäreleri yzygiderli geçirilýär. Bu ýerde tapgyrlaýyn zyýansyzlandyrmak, suwy sarp ediş ulgamyna bermäge taýýarlamak boýunça tehnologik işler kompýuterler arkaly dolandyrylýar.