Köneürgençdäki pagta arassalaýjy kärhanasynda gowaça tohumynyň 15 müň tonnasy taýýarlanylýar

Köneürgençdäki pagta arassalaýjy kärhanasynda gowaça tohumynyň 15 müň tonnasy taýýarlanylýar

Daşoguz welaýatynyň arassalaýjy kärhanalarda ýazky ekişe gowaça tohumynyň ýeterlik mukdary arassalanyp taýýarlanylýar. Şunuň bilen birlikde, etraplaryň daýhan birleşiklerindäki çigit urularyny zerur bolan önümler bilen üpjün etmek işlerine hem taýýarlyk görülýär.

Köneürgenç etrabynyň döwrebap pagta arassalaýjy kärhanasynda bu işler göwnejaý alnyp barylýar.Bu ýerde ýylda pagtanyň 40 müň tonnasy gaýtadan işlenilip, saýlama tohumlaryň 15 müň tonnasy taýýarlanylýar.Bu barada Türkmenistan gazetinde habar berildi.

Habarda bellenilişi ýaly, Şabat etrabynyň S.Rozmetow adyndaky oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň pagta arassalaýjy kärhanasynda taýýarlanylýan gowaça tohumlary häzirki zamanyň ýokary talaplaryna doly laýyk gelýär. Kärhanada tohumlyk çigitleri himiki usulda işläp taýýarlaýan, arassalaýan önümçilik bölümi hereket edýär.

Tohumyň çigitleriniň ýokary hil derejesi kadaly gögerişiň alynmagyna, gowaçalaryň hasyllylygynyň artmagyna oňyn täsir edýär. Şu ýyl hojalyk boýunça 7 müň 400 gektar ýere gowaça ekmek göz öňünde tutulýar. Hojalygyň pagtaçylary şu ýyl pagtanyň 20 müň tonnasyny öndürmegi maksat edinýärler.

Hojalygyň gowaça meýdanynyň aglaba bölegine oba hojalyk paýdarlar jemgyýetiniň tohumçylyk bölüminde oýlanyp tapylan, ýagny döredilen hem-de synagdan geçirilen Jeýhun tohumy ekilýär. Orta süýümli bu tohum ýerli toprak-howa şertlerine uýgunlaşandyr, ol hasyllylygy bilen tapawutlanýar diýlip, habarda bellenilýär.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda sadaka soraýan garrylar we ýaş çagaly eneler köpelýär
Ýurdumyzda Hasyl toýy giňden tutuldy
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýurdumyzda Hasyl toýy giňden tutuldy
08.11.2020 | Ýurdumyzda Hasyl toýy giňden tutuldy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Balkan welaýatyna iş sapary