Köp gatnawly howa ugurlary

Köp gatnawly howa ugurlary

Geçen ýylda dünýäniň iň köp gatnawly howa ugurlary mälim edildi. Birinji orny Koreýa Respublikasynyň Çeju we Seul Gimpo aeroportlary eýeledi. Bu howa menzilleriniň arasynda gatnan uçarlaryň jemi orun sany 14,4 million bolupdyr. Iki şäheriň arasynda 7 awiakompaniýa iş alyp barýar.

Ilkinji onluga Aziýa-Ýuwaş ummany ýurtlaryndan 9 ugur giripdir. Ikinji we üçünji ugurlar Ýaponiýa degişli bolupdyr. Titeso-Tokio Haneda aralygynda jemi 12,1 million orun sany bolan gatnaw amala aşyrylypdyr. Bu görkeziji Fukuoka-Tokio Haneda aralygynda 11,5 million bolupdyr. Gonkong-Taýbeý aralygy (6,8 million orun) iň köp gatnawly halkara ugur bolupdyr.

Aýnur Ýusupowa,

Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy.

Ýene degişli makalalar

08.12.2017 | Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
10.12.2017 | Paýtagtymyzyň Maslahatlar köşgünde küştdepdiniň Maddy däl medeni mirasyň sanawyna goşulmagy mynasybetli dabara boldy
Küştdepdi taryhy-medeni däpleri beýan edýän tansdyr
KÜŞTDEPDI GÖWÜNLERIŇ JOŞGUNY