Köpçülikleýin bag ekmek çäresi geçirildi

Geçen şenbe güni ýurdumyzyň ähli ýerlerinde geçirilen köpçülikleýin bag ekmek çäresi Köneürgenç etrabynda hem ýokary guramaçylyk derejesinde guraldy.Köneürgenç etrabynyň Bereket şäherçesiniň çäginde ýörite taýýarlanan ýerde geçirilen çärede ýüzlerçe düýp agaç nahallary oturdyldy.

Bu köpçülikleýin çärä il sylagly ýaşulularymyz, kümüş saçly enelerimiz, etrap häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalaryň wekilleri, etrabyň edara-kärhanalarynyň ýolbaşçylary gatnaşdylar. Ýylyň-ýylyna şular ýaly çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzyň ekologiýa abadançylygynyň gowulanmagyna uly mümkinçilik berip, gözel tebigatymyzy has-da gözelleşdirýär. Çäre etrabyň medeniýet, sungat ussatlarynyň aýdym-sazly çykyşlary bilen dowam etdi.

Güýzki bag ekmek möwsümine badalga berilmegi bilen edara-kärhanalaryň töwereklerinde, köçeleriň ugurlarynda arassaçylyk işleri geçirildi, öňki bar bolan agaçlara ideg edildi.Munuň özi her bir raýatyň gözel tebigatymyzy gorap saklamaga goşýan mynasyp goşandy boldy.

Gülhumar Hojahmetowa, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Köneürgenç etrap birleşmesiniň esasy hünärmeni. /* custom css */ .td_uid_15_67334580dc7be_rand.td-a-rec-img { text-align: left; } .td_uid_15_67334580dc7be_rand.td-a-rec-img img { margin: 0 auto 0 0; }

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanda adam hukuklary boýunça ygtyýarly wekil Adalatçynyň işi we ýurtda adam hukuklary babatda ýagdaýyň 2025-nji ýylyň jemi boýunça maglumaty
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň ýyl ýazgysy — 2025-nji ýyl
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisi
KITAP SERGILERIŇ TÄSIRLILIGI WE ÖZÜNE ÇEKIJILIGI
Ýurdumyz arzuw-umytlar we uly zähmet üstünlikleri bilen 2026-njy ýyly garşylady
Daşoguz şäheri toplumlaýyn esasda ösüşlere eýe bolýar