Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy

Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro deňziň düýbündäki bahasy 20 milliard dollar bahalanýan hazynaly gämini tizden-tiz suwdan çykarmagy buýurdy. Bu barada ýurduň medeniýet ministri Huan Dawid Korrea salgylanýan Reuters habar berdi diýip, MIR 24 ýazýar.

62 toply San-Hose ispan gämisi Karib deňziniň düýbünde ýatyr, ol 1708-nji ýylda Beýik Britaniýanyň gämisi bilen söweş wagtynda gark boldy. Onda altyn, kümüş we zümerret bilen doly sandyklar bar. Hünärmenler olaryň umumy bahasyny 20 milliard dollara çenli diýip çaklaýarlar.

Prezidentiň bu gyssagly görkezmesi onuň ygtyýarlylyk möhletiniň 2026-njy ýylda tamamlanýandygy bilen baglydyr. Galyberse-de, hazyna gäminiň galyndylaryny ilki bolup tapandygyny nygtaýan amerikan kompaniýasy hem dalaş edýär. Kompaniýa kazyýetiň üsti bilen 10 milliard dollar talap edýär, bu girdejiniň ýarpy bölegidir.

Ýene degişli makalalar

Kristiano Ronaldonyň täze kluby belli boldy
Kolumbiýanyň prezidenti Ysraýyl bilen diplomatik gatnaşyklaryny kesjekdigini aýtdy
Kolumbiýanyň Prezidenti Gazany Hiroşima Meňzetdi
“Kolumbiýa Parahatçylyga Goldaw Bermek Üçin Ukraina Ýarag Kömegini Bermez”
“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi