Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy

Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy

Kolumbiýanyň Prezidenti Gustawo Petro sebit häkimiýetlerini öküz uruşdyrmagy gadagan etmäge çagyrdy. Bu barada ol ýurduň Tolima departamentinde keramatly Pýotryň hatyrasyna bellenýän baýram wagty öküz urşunda tomaşaçylaryň oturan münberiniň ýumrulmagy bilen bagly aýtdy. Petro bu barada öz internetdäki sahypasynda çykyş etdi diýip, Trend ýazýar.

Kolumbiýanyň Prezidenti şeýle hadysalar netijesinde adamlaryň we haýwanlaryň heläk bolýandygyny nygtady.

26-njy iýunda Tolimede geçen öküz uruşly şowhunda tomaşaçylaryň oturan münberi ýykyldy. El Tiempo gazetiniň ýazmagyna görä, dört adam pida boldy, 262 adam şikes aldy.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýa Palestinada Ilçihana Açar
Kolumbiýanyň Prezidenti hazynaly gämini deňziň düýbünden çykarmagy buýurdy
Ýurduň iň ýaş Prezidenti wezipesine girişdi
“Gaza Sektorynda 108 Žurnalist Öýlerine Atylan Bombalar Sebäpli Öldürildi”
“Kolumbiýa Parahatçylyga Goldaw Bermek Üçin Ukraina Ýarag Kömegini Bermez”
Kolumbiýanyň Prezidenti Gazany Hiroşima Meňzetdi