Kompozitor Aýna Şirowanyň ilkinji awtorlyk konserti

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň uly zalynda kompozitor Aýna Şirowanyň awtorlyk konserti uly üstünlik bilen geçdi.Zalda oturmaga ýer galmady, özi-de, tomaşaçylaryň arasynda çagalar örän köp boldy.

Bu hem düşnükli: Aýnanyň kakasy çagalara niýetlenilen köp sanly şygyrlary döreden meşhur şahyr Hemra Şirow. Şahyryň köp şygyrlaryna Aýna saz eserlerini döredýär.Konsertde Biz çagalar, Çagalar albomy, Deňiz heňleri diýen pýesalar we miniatýuralar ýaňlandy. Ýöne Aýna Şirowa giň gözýetimli kompozitor. Şoňa görä-de, ol çagalar baradaky temalar bilen birlikde, diňleýjilere Söýgi, Köne Nusaý, Ölmez-ýitmez polk atly eserlerini hem hödürledi.

Konsert howada gülleriň ysynyň bark urmagyndan başga-da, kalbyň ýetip gelýän Ýeňiş baýramynyň ruhubelent duýgularyna beslenýän pursatlary bolan maý aýynyň başynda guraldy. Şonuň üçin-de konsertde ilkinji çykyş hökmünde Aýna Şirowanyň Ölmez-ýitmez polk atly watançylyk eseri ýerine ýetirildi.

Bu sazda Ýer ýüzüniň ýarysyny ýöräp geçip, öz çagalarynyň, agtyklarynyň we çowluklarynyň...röwşen geljeginiň hatyrasyna ýeňiş gazanan frontçularyň ýadaw aýaklarynyň dabaraly ýörişiniň sesi eşidildi.Mukam orkestriniň sazandalary halkara bäsleşikleriň baýrak eýesi Annaoraz Döwletowyň dirižýorlyk etmeginde ýene-de birnäçe, şol sanda Ýagşyň astynda gezelenç we Tüýdüjek eserlerini ýerine ýetirdiler, şunda Tüýdüjek eseriniň wokal böleginde Bahar Durdyýewa tüýdügiň sesini örän dürs ýerine ýetirdi.

Skripka we fortepiano üçin Söýgi pýesasyny halkara bäsleşikleriň ýeňijisi Seýran Atanyýazow hem-de halkara bäsleşikleriň diplomlaryna mynasyp bolan Stella Faramazowa ýerine ýetirdiler.Bu beýik duýgyny iň ýakyn adama, enä, çaga bildirip bolar, şeýle hem ony söýgüli hünäriňe, mähriban Watanyňa gönükdirip bolar. Şoňa görä-de, söýgini açyp görkezýän duýgular dürli öwüşginlere eýedir.

Aýna Şirowanyň sazyndaky söýgi ol wagtyň synagyndan geçen mizemez duýgy bolup, oňa daş-töwerekdäki bolup geçýän islendik üýtgeşmeler hiç hili tär etmez.Sahnadan 1-nji sazçylyk mekdebiniň okuwçysy, Aýna Şirowanyň gyzy Tylla Şirowanyň ýerine ýetirmeginde Çagalyk albomyndan dört pýesa, Guşlaryň hiňňildigi eserini ýerine ýetiren Aýjeren Abdyllaýewanyň ýiti sesi, Şirhan Batyrowyň ýerine ýetiren Deňiz heňleri pýesasyndan saksofonyň ýogyn sesi, Ýörite sazçylyk mekdep-internatynyň okuwçylarynyň Biz çagalar diýen adybir wokal tapgyryndan pýesany ýerine ýetirmeginde joşgunly sesler hem-de beýleki eserler ýaňlandy.

Konsertiň dowamynda tomaşaçylara duýdansyz sowgat Tamamlanmadyk pýesa eseri ýaňlandy.Ony fortepianoda Stella Faramazowa ýerine ýetirip başlady, emma, tamamlamady.Diňleýjilere pýesanyň dowamynyň neneňsi bolmagyny hem-de haýsy saz gurallarynda ýerine ýetirilmegini isleýändiklerini paýlaşmaklary teklip edildi. Ýakynda geçiriljek konsertleriniň birinde bolsa Aýna Şirowa şol täze eseri bilen çykyş eder, ony Diňleýjileriň kalp sesinden ýazylan pýesa diýip atlandyrar.

Aýna Şirowanyň hyýalyndaky döredijilik örän çäksiz!Konsert Mukam skripkaçylar toparynyň (çeper ýolbaşçysy Türkmenistanyň halk artisti Garold Neýmark) ajaýyp çykyşy bilen tamamlandy. Ýaş, ýöne eýýämden uly ýerine ýetirijilik tejribeleri bolan oglanjyklar we gyzjagazlar diňleýjilere Nowruzyň joşgunlary atly şatlykly pýesany sowgat etdiler.

Aýna Şirowanyň awtorlyk konserti tomaşaçylaryň kalbyna örän oňat, maý aýyna laýyk hakyky şatlyk bagyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmen milli konserwatoriýasynda Ýeňiş güni mynasybetli baýramçylyk konserti geçirildi
Nikolaý Amiýansyň okuwçylary Ussadyň doglan gününiň 85 ýyllygyna bagyşlap konsert berdiler
Baky saz ýaňlanar...
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Lýudwig wan Bethowen: çäksiz zehinden dörän sazlar
Baky saz ýaňlanar...