Kompozitor Suhan Tüýliýew: durmuş ýolunyň döwürleri

Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Suhan Tüýliýewiň eserlerinden ybarat bolan Ömrümiň bentleri atly simfoniki konsert boldy.Bu döredijilik agşamy mugallym, kompozitor we sungaty öwreniş ylymlarynyň kandidaty Suhan Tüýliýewiň 70 ýaşynyň dolmagy mynasybetli geçirildi.

Konsertiň açylyşy halk dessanlaryny gaýtalanmaz ussatlyk bilen ýerine ýetirip, ady taryha giren Türkmenistanyň halk bagşysy Gurt Ýakubowa bagyşlanan Bentler atly simfoniki poema bilen başlandy.Men bu sazy döredenimde bagşy we kyssaçy ýaly iki sany keşbi esasy ugur etdim diýip, Suhan Tüýliýew belledi. Şonuň üçin hem eseriň ady Bentler diýlip atlandyrylýar.

Bu söz şu günki konsertimiziň adyna hem girdi.Eseriň jemleýji bölegi hem özboluşlylygy bilen tapawutlandy: ol taryň sesi bilen tamamlandy.Tomaşaçylar Suhan Tüýliýewiň poemasyny örän gyzgyn garşylap, kompozitora, konserwatoriýanyň simfoniki orkestriniň sazandalaryna we dirižýor Döwletmämmet Ökdirowa dowamly el çarpyşmalaryny sowgat etdiler.

Konsertiň dowamynda ýubileý eýesiniň wokal eserlerine hem giň orun berildi.Gülşirin Hanowanyň sözlerine degişli Nejoldy?atly aýdymy Güljemal Tüýliýewa ýerine ýetirdi.Türkmenistanyň halk artisti Atageldi Garýagdyýew bolsa, Magtymguly Pyragynyň Dünýe, heý atly goşgular toplumyndan Ýeldim tut aýdymyny belentden ýaňlandyrdy.

Sahnada ýene-de bir ajaýyp eser üç gyz doganyň Läle aýdyşygy baradaky rowaýata esaslanýan Uzuklar atly sazly rowaýat ýerine ýetirildi.Onda Uzugyň partiýasyny fleýtada Oguljan Nepesowa, klarnetde Şirhan Batyrow we skripkada Seýran Atanyýazowa ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.

Gyzykly tarapy, rowaýata görä, körpe gyz Lälik sakawlap gürleýändigi sebäpli, onuň partiýasy kirişleri çirtmek usulynda ýerine ýetirildi.Konsert Atamyrat Atabaýewiň sözlerine ýazylan Döwletli döwran atly eseriň ýerine ýetirilmegi bilen jemlendi.

Bu eseri simfoniki orkestr, konserwatoriýanyň hory we solistler: Röwşen Baýramow (tenor), Wepa Ödäýew (tüýdük), Baýramgül Ahmedowa (gopuz) dagy köpçülige hödürlediler.Tomaşaçylar kompozitory we ähli gatnaşyjylary agzybir el çarpyşmalar hem-de gül çemenleri bilen gutladylar.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik kümüş nyşany bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
07.03.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
07.09.2019 | Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary
Aşgabatda Suhan Tüýliýewiň döredijilik agşamy geçirildi