Kompýutere goşga görä surat döretmek öwredildi

Kompýutere goşga görä surat döretmek öwredildi

Goşgyny şekile geçirip bilýän täze emeli intellekt döredildi. Bu barada computerage.ru. Çeşmäniň ýazmagyna görä, kompýuteriň muny nädip başarýandygyny görkezýän wideo suratkeş hem animator Glenn Marşal tarapyndan paýlaşyldy.

Paýlaşylan wideoda kompýuter XIX asyryň iňlis ýazyjysy Kristina Rossetti tarapyndan ýazylan "Gyşyň garaňky ortasynda" şygryna esaslanýan animasiýa suratlaryny döredýär. Döredilýän suratlar, elbetde, pes ölçegde. Gyzykly tarapy, emeli intellekt käbir setirlerde aýdylýan zady göni manyda görkezýär. Sözlerden wideo döretmek üçin animator “Story2Hallucination” kitaphanasyny ulandy. Şol bir wagtyň özünde, bu wideonyň ses komponenti üçin vo.codes guralyndan peýdalanyldy.

Ýene degişli makalalar

ВСТРЕЧА МИНИСТРА ИНОСТРАННЫХ ДЕЛ ТУРКМЕНИСТАНА С РУКОВОДИТЕЛЕМ ПАРТИИ НАЦИОНАЛЬНОГО ИСЛАМСКОГО ДВИЖЕНИЯ АФГАНИСТАНА
R.Meredow owgan marşaly Dostum bilen duşuşyk geçirdi
Owganystanyň MYH partiýasynyň ýolbaşçysy marşal Abdul Raşid Dostum bilen duşuşyk geçirildi
Abdul Raşid Dostumyň Türkmenistana sapary
Marşal Dostum Aşgabatda sebitleýin taslamalary maslahatlaşdy
Meşhur aktrisa redaktoryň keşbini ýerine ýetirer