Konserwatoriýanyň talyplary bagşyçylyk sungatynyň syrlaryny öwrenýärler

26-njy noýabrda Türkmenistanyň milli konserwatoriýasynyň Kiçi zalynda “Beýik Ýüpek ýolunyň owazlary” atly konsert boldy, oňa “Bagşy” kafedrasynyň uly mugallymy Garýagdy Saryýew we talyplar Agaýusup Jumadurdyýew bilen Öwezgeldi Amanow gatnaşdylar.

Olar milli aýdym-saz sungatynyň tanymal wekilleri -- Nobat bagşynyň, Oraz Salyryň, Gurt Ýakubowyň, Agamyrat Ýagmyrowyň, Ödenyýaz Nobatowyň, Satlyk Saryýewiň we başga-da ençeme ussat bagşylaryň aýdymlaryny aýtdylar.

Türkmenleriň köp asyrlyk aýdym-saz ýörelgelerini özünde jemlän bagşylaryň sungatyna hemme döwürde-de ilimizde aýratyn hormat-sarpa goýlupdyr. Bagşylar özboluşly ýoly we labyzly owazlary bilen diňleýjileriň söýgüsini gazanypdyrlar. Dessançy bagşylaryň kyssalary halk ruhuny beýan edipdir.

Her ýyl “Bagşy” kafedrasyna ýaşlaryň onlarçasy okuwa girýär. Talyplar tejribeli halypalardan halk aýdym-sazlarynyň inçe syrlaryny öwrenýärler.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň halk bagşysy, professor Ödenyýaz Nobatowy ýatlap
ÖRKÜNI AÝDYMA BAGLAN BAGŞY
Türkmenistanyň halk bagşysy Patyşaguly Girmanow (1933-2012)
Türkmenistanly döredijilik işgärleri Özbegistanda geçirilen sungat festiwalyna gatnaşdy
Çalsana, bagşy! bäsleşiginiň ýeňijileri Konserwatoriýanyň zehinli ýaşlary atly saz festiwalynda çykyş etdiler