KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY—WATANYMYZYŇ MUKADDES NYŞANLARY

KONSTITUSIÝA WE DÖWLET BAÝDAGY—WATANYMYZYŇ MUKADDES NYŞANLARY

18-nji maýda goşa baýram — Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň we Döwlet baýdagynyň güni mynasybetli paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda Konstitusiýa binasyna hem-de ýurdumyzyň Baş baýdagyna gül goýmak dabaralary geçirildi.

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna beslenýän Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy ýylynda umumy milli baýramlar aýratyn giň gerimi bilen tapawutlanýar.Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda döwrüň möhüm meseleleriniň çözülmegine gönükdirilen başlangyçlar durmuşa geçirilýär.

Magtymguly Pyragy Watanymyzyň häzirki döwrüni gören bolsady, onda ol ýurdumyzyň ösüp-özgerendigine, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşaýandygyna guwanardy. Çünki türkmen halky beýik akyldaryň wasp eden dogruçyllyk, asyllylyk, watansöýüjilik, goňşulara hormat goýmak, zähmetsöýerlik, myhmansöýerlik, parahatçylyk söýüjilik taglymlaryna ygrarlylyk ýaly adamzadyň iň gowy häsiýetlerini asyrlaryň dowamynda aýawly saklap, has-da ösdürmegi başardy. Şunuň bilen baglylykda, Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýiniň giňden bellenilýän günlerinde onuň Ýer ýüzüniň ähli ýaşaýjylaryny parahat ýaşaýşa we dost-doganlyga çagyrýan şahyrana şygyrlarynyň dünýäniň onlarça diline terjime edilip, çapdan çykarylandygyny bellemek gerek.

Türkmenistan gazeti

Ýene degişli makalalar

TÜRKMENISTANYŇ HORMATLY PREZIDENTI MERKEZI AZIÝA ÝURTLARYNYŇ WE AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ RESMI DÄL KONSULTATIW DUŞUŞYGYNA GATNAŞDY
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisi
Ýaş zehiniň ýürek joşguny
Paryzdepe ýadygärligi
Ýaş nesilleriň Watan hakda aýdymy
Gahryman Arkadagymyzyň “Atda wepa-da bar, sapa-da” atly kitaby esasynda gürrüňdeşlik
2026-njy ýylyň iýuly: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp