Koreýaly asmanda uçaryň ätiýaçlyk gapysyny açdy

Koreýaly asmanda uçaryň ätiýaçlyk gapysyny açdy

Günorta Koreýanyň Çeji howa menzilinden Tegu halkara howa menziline uçuşy amala aşyrýan asman gämisi açyk ätiýaçlyk gapysy bilen ýere gonmaly boldy diýip, KBS News neşirine salgylanýan News.ru ýazýar.

Deslapky maglumatlara görä, uçuş wagty gapyny 30 ýaşly ýolagçy açypdyr. Ýere gonmak üçin aşak inip başlan uçarda 194 adam bolup, olaryň hiç biri ejir çekmedi. Emma dokuz adamyň demi tutuldy we howa menzilinde lukmanlar olara ilkinji kömegi berdiler.

Bolup geçen hadysa sebäpli uçary abatlamaly boldy, netijede, Tegudan Çejä çenli uçuş iki sagat saklanyldy.

Ýene degişli makalalar

12.07.2019 | Türkmenistanyň daşary syýasaty — Durnukly ösüş maksatlary ýolunda parahatçylyk söýüjilik strategiýasy
12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynda geçirilen maslahatda eden çykyşy
12.06.2019 | Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Ylymlar akademiýasynda maslahat geçirdi
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
05.06.2019 | Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli halkara maslahat
17.04.2019 | Türkmenistan we Koreýa Respublikasy hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltdiler