Koronawirus Howply Bolmagynda Galýar

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 380 müň 760, wirusa ýoluganlaryň sany 108 million 382 müň, sagalanlaryň sany 80 million 431 müň adamdan geçdi.

Epidemiýanyň merkezi ABŞ-da koronawirus sebäpli 486 müň 922 adam ýogaldy, 28 million 2 müň adamdan hem hasaba alyndy. Ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany günde ortaça 2 müň 800 adama çenli aşaklady.

Sanjym tapgyrynyň depgininiň güýçlendirilmegi üçin käbir dermanhanalarda sanjym edilmegine rugsat berildi.Prezident Baýden Pfizer firmasyndan 100 million, Moderna firmasyndan hem 100 million sanjym alynmagy üçin talap bildirendiklerini aýtdy. Şeýlelikde ABŞ-nyň aljak Kovid-19 sanjymynyň sany jemi 600 million doza çenli baryp ýetdi.

Britaniýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 678 adam artyp 115 müň 529, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 494 adam artyp 3 million 998 müň 665 adama ýetdi.

Italiýada Kovid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany 391 adam artyp 92 müň 729, wirusa ýoluganlaryň sany 15 müň 146 adam artyp 2 million 683 müň 403 adama ýetdi.

Fransiýada epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 1 günde 360 adam artyp 80 müň 803, hasaba alynan kesellileriň sany 21 müň 63 adam artyp 3 million 406 müň 685 adama ýetdi.

Kovid-19 Ispaniýada 64 müň 217 adamyň ýogalmagyna, 3 million 41 müň 454 adamyň hem hasaba alynmagyna sebäp boldy.

Koronawirus sebäpli Meksikada 171 müň 234 adam ýogaldy, 1 million 968 müň 566 adam hem hasaba alyndy. Meksikada Hytaýyň Sinowak firmasy tarapyndna öndürlen “CoronaVac” sanjymynyň adatdan daşary ýagdaýda ulanylmagyna rugsat berildi.

Braziliýada wirus sebäpli ýogalanlaryň sany 236 müň 397, hasaba alynan kesellileriň sany 9 million 716 müň 298 adama ýedi.

Kovid-19 Daniýada 2 müň 269 adamyň ýogalmagyna sebäp boldy. Kopangagen uniwersiteti tarapyndan koronawirusa garşy taýarlanan sanjymyň gysga wagtda ynsanlarda synagdan geçirilmäge başlanjakdygy habar berildi.

Koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany:

Germaniýada 64 müň 513

Kolumbiýada 56 müň 983

Argentinada 49 müň 874

Peruda 43 müň 45

Polşada 40 müň 424

Ukrainada 24 müň 174

Belgiýada 21 müň 551

Kanadada 21 müň 88

Ruminiýada 19 müň 277

Çilide 19 müň 262

Çeh Respublikasynda 17 müň 902

Portugaliýada 14 müň 885

Gollandiýada 14 müň 662

Wengriýada 13 müň 543

Şwesiýada 12 müň 370

Şweýsariýada 9 müň 739

Awstriýada 8 müň 170

Serbiýada 4 müň 183 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Kolumbiýanyň ýygyndysy 23 ýyldan soň finala çykdy
Taste Atlas: 2025-nji ýylyň iň gowy tagamlary we süýjülikleri
Kopa Amerika 2024-iň bijeleri çekildi, Argentina “A”, Braziliýa “D” toparçada çykyş eder
Kopa Amerikada argentinaly tälimçileriň ussatlygy
Kolumbiýanyň Prezidenti öküz uruşlaryny gadagan etmek barada kanuna gol çekdi
Ýer ýüzüniň kindiwanja ýaşaýjylary
Argentina ýeňip bilmedi, Braziliýa soňky minutlarda ýeňiş gazandy