Kosmos bekedini döredýär

Hytaý Ýeriň orbitasyndaky kosmos bekediniň gurluşygyny alyp barýar.Golaýda bu bekediň laboratoriýasy bolan Wentian kosmosa uçuryldy.Adamly kosmos maksatnamasy agentligi (CMSA) laboratoriýanyň Long March-5B Y3 atly göteriji raketa bilen uçurylandygyny mälim etdi.

Kosmos bekediniň esasy bölegi boljak Wentian uçurylandan 8 minutdan soňra Ýerden 400 kilometr uzaklykdaky orbita baryp ýetdi.Laboratoriýanyň uzynlygy 17,9 metre, agramy 23 tonna barabar bolup, ýurduň häzire çenli kosmosa uçuran iň uly gämisi boldy.Häzirki wagtda Ýeriň aşaky orbitasynda dürli ýurtlaryň bilelikde dolandyrýan Halkara kosmos bekedi hereket edýär.

Bu desgany dolandyrýan ýurtlaryň arasynda Hytaý ýok. Şol sebäpli Hytaý özbaşdak kosmos bekedini gurýar.Tiangong atly bu kosmos bekediniň gurluşygy tamamlananda, kosmonawtlaryň bolmagyna niýetlenen Tianhe atly esasy moduldan, iki laboratoriýadan we bir kosmos teleskopyndan ybarat bolar.

Kosmos teleskopy gerek bolan halatynda beketden aýrylyp hem biler.Hytaýly kosmonawtlar mundan ozal birnäçe gezek kosmos bekediniň gurluşygy we enjamlarynyň gurnalmagy üçin kosmosa çykypdylar.Bekediň Tianhe atly bölegi geçen ýylyň 29-njy aprelinde uçurylypdy.

Bekede birikdiriljek Mengtian atly ikinji laboratoriýa şu ýylyň oktýabr aýynda uçurylar.Soňra bolsa Shuntian atly kosmos teleskopy birikdiriler. Şeýlelikde, jemi dört bölekden ybarat bolan kosmos bekedi peýda bolar.

Bu bekediň gurluşygynyň şu ýylyň ahyryna çenli tamamlanmagyna garaşylýar.Beketde üç kosmonawt zähmet çeker.Kosmos bekedindäki kosmonawtlar adatça 6 aýdan çalşyp durýarlar.

Ýene degişli makalalar

Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Adamly kosmos bekediniň ilkinji bölegini uçurydy
Hytaý 2024-nji ýylda äleme 100 uçuşy amala aşyrmakçy
Hytaý kosmonawtlary uçuryldy
Hytaý raketasynyň galyndylary Hindi ummanyna gaçdy
Täjirçilik maksatly 9 emeli hemrasyny uçurdy