Kosmos uçarynyň ilkinji uçuşy amala aşyryldy

1985-nji ýylyň 3-nji oktýabrynda NASA-nyň “Atlantis” atly kosmos uçarynyň ilkinji uçuşy boldy. Şeýle kosmos gämileri atmosferanyň daşyna dürli enjamlary, şeýle hem ýolagçylary (astronawtlary) çykaryp, kosmos giňişliginde dürli amallary ýerine ýetirip, ýene-de atmosfera girip bilýär.

Adaty kosmos enjamyndan we göteriji raketadan tapawutlylykda şattllary birnäçe gezek ulanyp bolýar.NASA 1970-nji ýyllaryň “Challenger”, “Endeavour”, “Discovery”, “Atlantis” we “Columbia” atly astronawt gatnatmaga niýetlenen 5 kosmos uçaryny öndürdi.

Nusgalyk görnüşde öndürilen “Enterprise” atly kosmos uçary bolsa dürli synaglary geçirmekde peýdalanyldy.Kosmos edarasy 2011-nji ýylda ähli şattllary ulanyşdan aýyrdy.

Ýene degişli makalalar

“Galileo” emeli hemrasy Ýupiteriň orbitasyna baryp ýetdi
Asteroid nusgalary öwreniler
Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan
Hytaýyň ilkinji raýat kosmonawty, orbitadaky adamlaryň sany rekord derejä ýetdi
Kosmosda iň uzak galan amerikan astronawty rekordy täzelendi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny