Kosowanyň Prezidenti Türk Esgerleriniň Agzaçaryna Gatnaşdy

Kosowanyň Prezidenti Türk Esgerleriniň Agzaçaryna Gatnaşdy

Türk wekilçilik toparynyň Prizren şäherinde ýerleşýän Soltan Murat kazarmasynda berilen däp bolan agzaçara Prezident Osmani bilen Türkiýäniň Kosowadaky Ilçisi Sabri Tunç Angyly, Kosowa Demoratik türk partiýasynyň Başlygy we Kosowanyň Sebitleýin galkynyş ministri Fikrim Damka bilen NATO-nyň Parahatçylyk güýjüniň Serkerdesi, general Ozkan Ulutaş we raýatlar gatnaşdylar.

Agzaçardan soň Prezident Osmani, Ilçi Angyly we ofiser Karamürsel oraz aýy hakynda çykyş etdiler.

Osmani türkçe eden çykyşynda myhmanlaryň oraz aýyny gutlady we olary jebislige çagyrdy.

Türk harby birikmesi 1999-njy ýyldan bärş Kosowda iş alyp barýar.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Kubogy 2026: Ýewropa zolagynyň saýlama toparçalarynyň bijeleri çekildi
Dünýä ýurtlary Türkiyä kömek ugratmaga dowam edýär
Balkan ýurtlaryny sil basdy, Argentina guraklykdan ejir çekýär
NATO, Serbiýanyň Talabyny Kabul Etmedi
Kosowadaky Barrikadalaryň Esasy Bölegi Ortadan Aýryldy
“Barrikadalar Şu Gün Ortadan Aýrylar”